3-nji awgustda dürli ýurtlar ýakymly baýramçylygy – Garpyz gününi belleýärler. Bu baýramçylyk gözbaşyny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan alyp gaýdýar, bu ýerde Milli Garpyz güni hökmünde bellenilýär. Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, amerikalylar garpyz iýmekde birinji ýerde durýar.
Häzirki wagtda 96 ýurtda garpyzyň 1200-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Taryhçylaryň bellemegine görä, garpyzyň watany Günorta Afrika hasaplanýar. Käbir çeşmelere görä, gadymy Müsürde hem bu tomus paslynyň datly bakja önümini ösdürip ýetişdiripdirler. Garpyzyň çigitleriniň Müsür faraonlarynyň guburlarynda tapylandygy aýdylýar.
X asyrda garpyz Hytaýa hem baryp ýetdi. Bu ýere garpyz Ortaýer deňzindäki gämiler arkaly barypdyr. Hytaýlylar garpyz ýetirdirmäge uly ähmiýet berip, olar hem garpyz gününi özboluşly belleýärler.
Garpyz X-XI asyrlarda Ýeropa, XVI asyrda bolsa Amerika aralaşypdyr. Häzirki wagtda garpyz dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ösdürilýär we iň esasysy Hytaýda, ondan soň Türkiýe, Eýran, Müsür we Amerika ýurtlary gelýär.
Ýaponiýa bolsa garpyzyň dürli sortlary bilen meşhurdyr. Bu ýurt garpyzyň dürli möçberde we ölçegde ýetişdirilmegi bilen tanalýar.
Tomus aýlarynda iň köp iýilýän gök önümleriň biri hem garpyzdyr. Bu datly bakja ekininiň 80 göteriminden gowragy suwdan ybarat. Garpyzda adam saglygy üçin peýdaly maddalaryň birnäçesi bar. Onuň düzüminde kalsiý, magniý, şeker, demir has köp. Alymlar aşa semizligiň öňüni almak üçin garpyz iýmegi maslahat berýärler. Ol ganazlykda hem giňden peýdalanylýar.