“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
2. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.
5. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
7. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.
8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
9. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
10. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
11. Gurluşyk-ýol maşynlary we enjamlary.
Tehniki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti: 2,5 ýyl. Tehniki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary: Türkmenabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň
ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalan ýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2022-nji ýylyň
awgust aýynyň 16-17-si, 19-y we 20si günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak, organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy —himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamasy esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere
görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Amul şäherçesi, Dostluk köçesi, 20. tel.: 7-17-25; 7-91-04. Faks: 7-17-25;
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com