SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Agyz-bu­run ör­tük­le­rini aýyrmak boýunça

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti agyz-burun örtüklerini nirede dakynmaly we nirede aýyrmalydygy barada ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik ter­tip-düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­gi, agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni açyk ho­wa­da aý­ryp, ýa­pyk bi­na­lar­da we aw­tou­lag­lar­da ta­la­ba­la­ýyk da­kyn­ma­gy, şeý­le-de aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny yzy­gi­der­li ber­jaý edip, Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­ma­gy ýat­lad­yp, ýurdumyzyň gazetlerinde degişli bildirişleri çap edipdi.

 

Türkmenistan halkara gatnawlaryny dikelder

Related posts

Aýratyn zähmet şertlerinde işleýän lukmanlara goşmaça hak tölener

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty

Koronowirusa garşy gerdejikler öndüriler