JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan halkara gatnawlaryny dikelder

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlary üçin giňişligiň açylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri boýunça hasabat bermegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlary seljerip, halkara gatnawlaryny tapgyrlaýyn açypdy. Ilkinji nobatda, BAE-niň Dubaý we Tatarystanyň Kazan şäherlerine halkara adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

 

Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek teklip edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Petronas” bilen Hazar deňzindäki toplumlary özleşdirmek boýunça şertnama baglaşar

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri