SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-na çenli “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan aşakda agzalan halkara gatnawlara uçýan ýolagçylara uçýan güni doglan güni bilen gabat gelen ýagdaýynda ýörite aksiýanyň bardygyny habar berýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat;

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat;

Aşgabat – Bangkok – Aşgabat;

Aşgabat – London – Aşgabat;

Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat;

Aşgabat – Milan – Aşgabat;

Ýörite aksiýadan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäginde ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup bilersiniňiz.

Öz doglan günüňizi “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen has-da şadyýan geçirmek mümkiçligini elden gidirmäň!

Related posts

«Türkmenhowaýollarynyň» nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyryldy

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Halkara ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi