SPORT

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy hasaplanýan Çempionlar ligasynyň 2024/25-nji möwsüminiň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi. Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary 4-5-nji martda, jogap duşuşyklary bolsa, 11-12-nji martda geçiriler.

Bije çekişlikde Ispaniýanyň hem-de Germaniýanyň ägirtleri bilelikde oýnar. “Real Madrid” bilen “Atletiko Madrid”, Germaniýada bolsa, “Bawariýa” bilen “Baýer Lewerkuzen” duşuşar.

Häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşynda Angliýadan 3, Ispaniýadan 3, Germaniýadan 3, Niderlandlardan 2, Fransiýadan 1, Belgiýadan 1 hem-de Italiýadan 1 topar çykyşyny dowam etdirýär.

Bije çekişligiň netijeleri:

“Benfika” – “Barselona”

“Bawariýa” – “Baýer”

“Borussiýa Dortmund” – “Lill”

“Brýugge” – “Aston Willa”

“PSW” – “Arsenal”

“PSŽ” – “Liwerpul”

“Real Madrid” – “Atletiko Madrid”

“Feýenord” – “Inter”

Related posts

“Aýaksyň” 36-njy, “Seltigiň” 52-nji çempionlygy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň çempiony – “Medipol Başakşehir”

Gyşky Aziýa oýunlary: Saud Arabystany ilkinji gezek gatnaşýar

Ata Watan Eserleri