SPORT

Angliýada iň gowy tälimçi kim bolarka?

Angliýanyň “Premier Ligada” “2019-2020-nji möwsümiň iň gowy tälimçisi” baýragyna dalaşgärler belli boldy.

“Premier Liganyň” internet sahypasynda ýerleşdirilen habarda, “Liwerpul” toparynyň nemes tälimçisi Jurgen Klopp, “Çelsiniň” iňlis tälimçisi Frank Lampard, “Lester Sitiden” Brendan Rodgers we “Şeffild Ýunaýted” toparyndan Kris Wilder dagy dalaşgär hökmünde görkezildi.

Baýragyň eýesi futbol äleminde ökde hünärmenlerinden düzülen eminlerden we goldawçylar tarapyndan saýlanar.

Futbol söýüjiler üçin “Premier Liganyň internet saýtynda başlan ses berilşik 10-njy awgusta çenli bolar.

Soňky iki möwsümde bu baýraga “Mançester Siti” toparynyň ispan tälimçisi Hosep Guardiola mynasyp bolupdy

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar