SPORT

Iň gowy futbolçy baýragynyň dalaşgärleri

“Iňlis Premýer-ligasynda 2019-2020 möwsüminiň iň gowy oýunçysy” baýragyna dalaşgärler yglan edildi. “Premýer Liganyň” möwsümiň oýunçysynyň dalaşgärlerini yglan etdi. 7 oýunçydan bolan dalaşgärleriň sanawynda 30 ýyl soňra çempion bolan “Liwerpul” toparynda 3 futbolçy bar. Sanawa “Liwerpul” toparynyň kapitany Jordan Henderson we Trent Aleksander-Arnold bilen Sadio Mane goşuldy. “Liwerpul” toparynyň oýunçysy Aleksander-Arnold 13 asist geçirip, “Premýer Liganyň” rekordyny täzeledi. Ýagny Aleksander-Arnold bir möwsümde iň köp asist geçiren goragçy oýunçysy boldy.

Topary “Mançester Siti”-niň iki möwsüm çempion bolmasa-da Kewin De Bruýne möwsümiň oýunçysy sanawyna goşuldy. Ol bu möwsümde 20 asist we 13 gol bilen Tierri Genriň rekordyny täzeledi.

Möwsümi 23 pökgi bilen iň köp pökgi geçiren oýunçy hökmünde tamamlan 33 ýaşly Jeými Wardy, premýer-ligada altyn aýakgap gazanan iň garry futbolçy diýen ada eýe boldy.

“Southemptonda” gowy möwsümi başdan geçiren Danny Ingis möwsümi 22 gol bilen tamamlady.

Nik Pope möwsümiň oýunçysy baýragy üçin sanawdaky ýeke-täk derwezeçi boldy. Iňlis derwezeçisi “Premýer Liganyň” 10-njy ýeri eýelän “Burnley” toparyndaky çykyşy bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady