BIZNES

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) şu ýylyň 18-nji martynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» — IFT-2025 forumyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu uly göwrümli çäre maýa goýumçylary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirmäge niýetlenendir.

IFT-2025 forumy kompaniýalara geljegi uly taslamalary görkezmek, ygtybarly hyzmatdaş tapmak we sebitde işewürligi ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Forumyň çäginde öňdebaryjy ykdysadyýetçileriň, telekeçileriň we döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda gönümel çekişmeler, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşlyk, halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etjek ulgamlaýyn maslahatlar bolar.

Hödürlenen taslamalar IFT-2025-iň resmi saýtynda ýerleşdiriler, şeýle hem forumda görkeziler.

Foruma gatnaşmak üçin forumyň resmi saýtynda (ift.com.tm) hasaba alnyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar