SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Russiýa saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri rus kärdeşine koronawirus ýokanjy döwründe öz wagtynda koronawirus ýokanjyna we dümewe garşy sanjym bermek babatda beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanda rus sanjymlaryny ulanmak üçin oňyn tejribäniň gazanylandygy we bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.Duşuşygyň esasy mowzugyny Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda lukmançylyk we farmasewtika ugurlarynda bilim bermek baradaky hyzmatdaşlyk düzdi. 2020-2021-nji okuw ýylynda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň garamagyndaky 57 lukmançylyk uniwersitetlerinde 1106 Türkmenistanyň raýaty bilim aldy.

Türkmen tarapynyň kliniki ordinatura we aspirantura maksatnamalary, şeýle hem lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dürli ugurlarda milli lukmançylyk barlar merkezleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenilip geçildi.

– Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda gol çekilen ylalaşygyň esasynda iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň ulgamynda mundna beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikler bar. Şeýle hem uzak aralykdan telelukmançylyk ulgamynda maslahatlaşmalary has-da giňişleýin geçirmegi teklip edýärin – diýip, Mihail Muraşko belläp geçdi.

 

 

Dynç günlerinde teatrlardaky sahna oýunlary

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy