Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gökdepe metjidine geldi we bu ýerde geçirilýän sadaka gatnaşmak üçin gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, özüniň BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu gün merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi.
Dostlukly ýurduň ilçisi BAEniň merhum Prezidentine bildirilýän hatyra üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu çözgüdiň belent ynsanperwerligiň nyşanydygyny aýratyn nygtady.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy diňe bir bu ýurduň halky üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem uly ýitgi boldy. Ol ýaşan manyly ömründe haýyrly we ynsanperwer işleri bitirdi, tutuş yslam dünýäsinde öçmejek yz goýdy diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidentiniň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler köşgüniň, «Ene mähri» hemde Halkara iç keselleri merkezleriniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebap ýagdaýa getirilmeginde, Maryda çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn uly tagallasy bar. Ol paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne yzygiderli haýyr-sahawat goldawlaryny berýärdi. Halkymyz hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dostdoganlygyň aýdyň nyşany bolan bu işleri hemişe ýagşylykda ýatlaýar.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykdy, soňra nahar çekildi.
Köşidäki metjitde hem BAE-niň merhum Prezidentini hatyralap, sadaka berildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde merhumy ýatlap, günortanlyk nahary berildi.