SIZDEN GELENLER

Matematika dersi logikany ösdürýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk has-da ýokarlandyrmak, bütin dünýäde Watanymyzy ykdysady taýdan durnukly ösüşi bilen tanatmak, sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmak, dürli hyzmatlary elektron görnüşe geçirmek ýaly çäreler maksat edilip goýuldy.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan wezipeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleri üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredilip, onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny, elektron serişdeleri ulanmak bilen, okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerildi, degişli gözükdirijiler, düzgünnamalar taýýarlanyldy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim portallary döredilip, bilim-terbiýeçilik işlerine degişli maglumatlar, elektron gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalar, prezentasiýalar, ylmyň we tehnikanyň gazananlary baradaky maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär. Bilim ministrliginiň garamagyndaky Innowasiýa maglumat merkezinde dersler boýunça onlaýn bäsleşikleri, synaglary guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýokary derejede ösdürilýän ylym-bilim ulgamy giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň bilim almaklary, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan ähli sapaklaryň we dersleriň arasynda matematika dersiniň hem ähmiýeti uludyr.

Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.

Matematika kursunda matematikany okatmagyň usuly saýlananda, matematikany öwretmegiň maksatlaryna we meselelerine seredilende matematikanyň usulyýeti pedagogikada we psihologiýada öwretmekligiň umumy kanunalaýyklyklaryna daýanýar.
Öz gezeginde pedagogik we psihologik umumylaşdyrmalar üçin maglumatlar usulyýetiň käbir aýratyn ýagdaýlary hasaplanýar, pedagogikada ýa-da psihologiýada öwretmeklige
gönüden-göni bagly bolan täze açyşlar, täze kanunalaýyklyklar usulyýetde elmydama
özüniň şöhlelenmesini tapýar, käbir ýagdaýlary bolsa öz gezeginde pedagogik we psihologik umumylaşdyrmalar üçin maglumat bolup durýar.

Matematikany okatmagyň usulyýeti dersi psihologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Psihologiýada ýaşlaryň psihikasynyň umumy kanunlary, çaganyň ýaş we indiwidual aýratynlyklary öwrenilýän bolsa, matematikany okatmaklyk logika bilen baglanyşdyrylýar, sebäbi okuw maglumatlary derňelende, ony logiki taýdan guramaklyk we baglanyşykly
böleklere dogry bölmegi başarmalydyr. Matematiki düşünjeleri kesgitlemekde, şol bölekleriň arasyndaky baglanyşyklardan peýdalanmaly. Matematikadaky, pedagogikadaky, psihologiýadaky, logikadaky gazanylan täzelikler matematikany okatmagyň usulyýeti dersinde hemişe öz ornuny tapmalydyr. Matematikany okatmagyň usulyýeti dersiniň bilim berijilik, terbiýeleýjilik meselelerini çözmekde beýleki dersleri okatmagyň usullary bilen köp umumylyklary bardyr. Umumylyk dersara baglanyşygyny dogry guramaga kömek edýär.

Täzegül Aşyralyýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/abs-nyn-ilcihanasyndan-is-orny/

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk