SÖHBETDEŞLIK

Halbike Dowyýewa – sahnada taplanan zehin

Hormatly okyjylar! Biz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýty üçin medeniýet işgärleri bilen söhbetdeşliklerimize dowam edýäris. Biziň bu gezekki söhbetdeşimiz Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady we şirin sesli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Halbike DOWYÝEWA.

  • Halbike gelneje, Sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Biziň bilen söhbetdeşlik etmek üçin wagt aýranyňyz üçin köp sag bolsun aýdýarys. Söhbetdeşligimizi Siziň artistlik älemine gadam basan ilkinji ýyllaryňyz hakdaky gürrüňden başlaýalyň…
  • Men Balkan welaýatynyň Magtymguly (ozalky Garrygala) etrabynda dünýä indim. Şol ýerde meniň bibim (uýa, ejeke) Oguldursun Dowyýewa Ol şol ýerde folklor toparyny döretdi. Onuň ady “Sumbar” ansambly. Ol daşary döwletlerden Polşada, Russiýada ençeme çykyşlar etdi we şol folklor toparyna ýolbaşçylyk etdi. Topar ene-mamalarymyzyň hüwdülerini, monjugatlaryny, küştdepdileri uzak ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlarda tanatdylar. Umuman, Oguldursun bibim meniň halypam. Men şonuň hüwdülerini, aýdymlaryny, lälerini diňläp ulaldym. Soňra mekdepde okaýan döwürlerim bibimiň ýanyna gatnap, aýdym aýtmagy öwrendim. 1982-nji ýylda Moskwada ilkinji çykyşym boldy. Şonda men şol topar bilen Moskwada bolup gaýtdym. Ondan soň mekdebimizde – 2-nji orta mekdepde baýramçylyklar, çäreler geçirilende dürli çykyşlar edip, tans oýnaýardym. Jigim Çendir Dowyýew tans ugrundan okady. Men şonuň bilen sahnada degişme, tans oýnaýardyk, aýdym aýdýardyk.

  • Aýdym diýlende Siziň aklyňyza ilki kim gelýär?
  • Çünki ejemiň şeýle ýakymly, owadan, mähirli sesi bardy. Onuň sesi bizi meýmiredýärdi. Mende aýdym aýtmaga höwes ejemiň hüwdülerini, bibimiň aýdýan aýdymlaryny diňlemegim netijesinde döredi. Ýeri gelende bellesem, kakam hem goşgy ýazmak bilen meşgullanýardy. Onuň inisi hem goşgy ýazýardy. Umuman, biziň maşgalamyzda sungat adamlary bolansoň, mende-de sungata söýgi döredi.
  • Siz halypa aýdymçylardan kimleri diňleýärdiňiz?
  • Olar Türkmenistanyň halk artistleri Gülşirin Alyjanowa, Kümüş Hezretgulyýewa. Men şolaryň aýdymlaryny radiodan ýetişdigimden diňläp, olaryň aýdýan aýdymlarynyň sözlerini ýazýardym, soňra şolar bilen bilelikde aýdymy ýerine ýetirýärdim.
  • Sungat ugrundan bilim almaklygyň özi sungat adamsyna ýeterlikmi?
  • Sungat ugrundan bilim alan adam bilen bilim almadyk adamyň aňyýeti hem, tejribesi hem deň gelenok. Emma bu ugurdan bilim alsaňam, aňyrdan ýüregiňe sungata bolan söýgi guýulmasa, ýüregiňde joşup duran ylhamyň, goruň, dil çeperçiligiň, tebigy zehiniň bolmasa, ol alan bilimiň boş bolýar.
  • Aýdym Siziň durmuşyňyzda nähili orun tutýar?
  • Mende şeýle bir häsiýet bar: bir gün hiňlenmesem durup bilemok. Men gaharlansamam, ýolda gidip barýarkamam, keýpim çag wagty-da, umuman, her gün aýdyma hiňlenýärin. Tebigatyň, paýtagtymyzyň gözelligi, guş-gumrularyň owazy mende aýdym aýtmaga ylhamlandyrýar. Men bu aýdyma bolan söýgimi Allanyň maňa beren iň ajaýyp peşgeşi hasap edýärin.

  • Aýdym-saz jadyly zat hasap edilýär. Siziň muňa garaýşyňyz nähili?
  • Elbetde, aýdym-saz adamy jadylaýar, özüne maýyl edýär. Men Abadan şäherinde haly fabriginde işlän döwrümde hem şol ýerde-de aýdym-saz toparyny döredip, aýdym aýtmak bilen meşgullanýardym. Öz esasy işimiziň daşyndan aýdym aýtmak bilen meşgullanmagymyz we mundan hiç wagt ýadamaýanlygymyz biziň aýdym-sazyň jadysyna maýyl bolup ýörmegimiz diýip oýlaýaryn.
  • Siziň halypa aýdymçy Gülşirin Alyjanowa bilen tanyşlygyňyz nähili bolupdy?
  • Bir gün sazanda Myratgeldi Baýramberdiýew meniň aýdym aýdyşymy diňläp, men hakda Gülşirin Alyjanowa gürrüň beripdir. Ol hem meni diňläp görmek üçin ýanyna çagyrdy. Halypa meni güler ýüz bilen garşylap, özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi we meni Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna işe aldy. Çagalykdan diňläp ýören halypanyň meni ýanyna çagyryp, işe almagy – munuň özi meniň üçin iň uly bagt.
  • Siz başga haýsy halypalaryň aýdymlaryny aýtmagy halaýarsyňyz?
  • Bagşy Sahy Jepbarowyň, Döwletgeldi Ökdirowyň aýdymlaryny ýerine ýetirmegi halaýaryn. Men olary aýtmazdan ozal olary gowy öwrenip, müňlerçe gezek gaýtalap, soň aýdýaryn.
  • Teatrda ilkinji keşbi janlandyrmagyňyz nähili bolupdy?
  • Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow meni teleýaýlymda aýdym aýdýandygymy görüp, “Saýathan” spektaklynda Banunyň keşbine meni gelişdirýändigini Gülşirin Alyjanowa aýdýar. Ol hem razy bolandan soň, men ilkinji keşbimi sahnada ýerine ýetirdim. Teatrda birnäçe ýyl işlänimden soňam meni kino çagyrdylar. Şeýlelikde, ykbalyň ýollary uzap gidiberdi, begençli pursatlardan doluberdi.
  • Şägirtleriňiz hakda hem durup geçäýseňiz…
  • Mende şägirtler kän. Ozal işlän ýerlerimde hem ençeme gurnaklara gatnap, ýaşlara aýdym aýtmagy öwretdim. Olar hem esasy işlerinden daşary aýdym aýdyp ýörler. Olaryň birem meniň öz gyzym Maral Nurberdiýewa. Ol mekdepde mugallym bolup işleýär, emma işiniň daşyndan kino-da düşýär, aýdymam aýdýar, tansam oýnaýar. Körpe gyzym hem biziň bu ýolumyzy dowam etdirýär. Ol hem skripka çalyp, hem aýdym aýtmagy başarýar. Ine, olar öz maşgalamdaky şägirtlerim. Teatrda-da Maýa Weligylyjowany ýatlap bilerin.
  • Teatrda Sizi näme özüne çekýär?
  • Aýdym-saz. Biziň teatrymyz milli sazly drama teatr. Biziň her bir spektaklymyzda hökman aýdym ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ussat orkestrimiz hem bar. Şol spektakllarda halkyň öňünde çykyş edip, aýdym aýtmak meni özüne çekýär.
  • Biz Sizi iň köp “Seni göresim gelýär” diýlen aýdymyňyz bilen ýatlaýarys. Tüweleme, bu aýdymyň muşdaklary hem halkyň arasynda köp…
  • “Ýaşlyk” teleýaýlymy ýaş aýdymçylaryň arasynda bir bäsleşik gurnaýardy. Meni hem şol bäsleşige emin agza edip bellediler. Menem şol bäsleşikde 2 ýyl emin agza boldum, ýaşlara öz maslahatlarymy berdim. Bir gezek ýaşlaryň aýdýan aýdymlaryna syn berip otyrkak bir oglanjyk gelip, şu aýdymy aýtdy. Menem bu aýdymy şeýlebir Soň şol oglanyň özem bäsleşikde ýeňiji boldy. Soňra ol maňa şu aýdymy bilelikde aýtmagy teklip etdi. Menem oňa razy boldum. Bu aýdym soň-soň “Türkmen owazy” teleýaýlymynda şekilli aýdym bolup çykdy. Şeýdip bu aýdym halkymyz tarapyndan iň köp diňlenilýän aýdyma öwrüldi. Men toýlara baranymda hem şu aýdymy aýdyp bermegimi isleýän muşdaklarymyz kän. Menem olaryň haýyşyny ýerine ýetirýän. Şunlukda, maňa bu aýdymy toýda haýyş edip, iň azyndan üç gezek aýtdyrýarlar.
  • Aýdymçydan artist ýasamak aňsatmy ýa-da artistden aýdymçy?
  • Artistden aýdymçy ýasamak, eger onda ses ýok bolsa kyn. Emma aýdymçydan hem artist ýasap bolýanlary bar, bolmaýanlary bar.
  • Siziň özüňiziň teatrda spektakl ýa-da teleýaýlymda kino goýmak maksadyňyz barmy?
  • Aslynda, ýüregimde bar. Milliligiň içinde, gelin-gyzlara degişli, şatlykly wakalara baý bolan, aýdym-sazly spektakl ýa-da kino goýup bilerin diýip ynanýan.
  • Biz Sizi teleýaýlymda, esasan wäşi aýalyň keşbinde köp görýäris. Wäşilik Size ýakyn görnüş diýsek ýalňyşmasak gerek…
  • Dogrusyny aýtsam, meniň özüm durmuşda wäşi, şadyýan. Şonuň üçin maňa wäşilik ýakyn.

  • Artist hemmetaraplaýyn bolmalymy?
  • Sebäbi sahnada dürli wakalar bolýar. Şol wakalara girip, şol wakalara girmegi başarmaly. Gerek bolsa sen halka özüňi söýdürmegem, ýigrendirmegem, diňletmegem, özüňe güldürmegem başarmaly. Biz artistler wagyzçylar. Çünki teatra gelýän her bir adam spektakldan özüne gerek bolan netijäni almaly.
  • Siziň adamlarda halaýan häsiýetiňiz haýsy?
  • Gönümellik. Meniň özümem gönümel. Men içimdäki zatlarymy aýtmasam ýatyp bilemok. Dilimdäki bar zatlary aýdyp goýberýän. Gönümel, dogruçyl bolsaň durmuşda ýüzüň gyzarmaýar, başgalaryň ýanynda utanmaýarsyň. Başgalara hem şeýle bolmagy maslahat berýärin.
  • Bilşimiz ýaly, Siziň Döwlet Berdiýewiň “Teatr” atly kinoda oýnaýandygyňyzy bilýäris. Bu kinoda Siz nähili keşbi janlandyrýarsyňyz?
  • Kinonyň özi teatryň durmuşy, sahnanyň arkasyndaky başagaýlyklar, spektakla görülýän taýýarlyklar barada. Onda dürli gyzykly wakalar bar. Şol wakalar teatrda bolup geçýär. Menem şol kinoda öz keşbimi – Halbikäni janlandyrýan.

  • Siziň geljekde nähili maksatlaryňyz bar?
  • Nesip bolsa, geljekde hem halkymyzy, Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edip, halkymyzyň göwnünden turjak täze-täze aýdymlar döretmegi, ajaýyp döwrümizi wasp edýän täze-täze spektakllarda, kinolarda keşp janlandyrmagy maksat edýärin.
  • Häzirki döwrümizde hem her bir medeniýet işgärine Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem uly sarpa goýýar, olara özleriniň ýakyndan ýardamlaryny berýärler…
  • Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyňam, hormatly Prezidentimiziň hem ýüregi halkymyz bilen urýar. Halkymyzyň pikiri bilen olaryň pikiri deň gelýär. Gahryman Arkadagymyz maňa-da ilki Türkmenistanyň at gazanan artisti, soňra Türkmenistanyň halk artisti diýen belent derejeleri berdi. Maňa hem beýleki medeniýet işgärleri ýaly ýaşaýyş jaýyny sowgat etdi. Munuň üçin Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize buýsanjymyzyň çäksiz. Goý, olaryň işleri elmydama oňuna bolup, belent başlary aman bolsun! Biribar hem bizi iň soňky demimize çenli halkymyza hyzmat etmekden aýyrmasyn!
  • Hormatly Halbike gelneje, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň! Bizem Siziň işiňizde täze-täze üstünlikleri, şowlulyklary arzuw edýäris.

 Söhbetdeş bolan Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

ABŞ-nyň ilçisi Metýu Stefen Klimow bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda