DÜNÝÄ

Harby edaralar 7 ýyllyk meýilnama taýýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly we käbir beýleki meseleler girizildi.

ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerini has-da döwrebap derejede guramak, olary dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylyk edýän edaralaryny ösdürmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy. Bu meýilnamalar kabul edilenden soňra, olarda göz öňünde tutulan wezipeler, işlerdir çäreler berk gözegçilikde saklanyp, üstünlikli durmuşa geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu maksatlara esaslanyp kabul edilen Harby doktrina hem goranyş häsiýetine eýedir. Onuň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Nygtalyşy ýaly, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň geçirilmegi dowam etdiriler.

 

«Awaza»: dynç alyş möwsümine taýýarlyk

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri