SIZDEN GELENLER

Aşgabat – seýilgähleriň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu babatda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.

Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek boýunça işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri we welaýatlaryň künjekleri bagy-bossanlyga bürendi. Ýaşyl zolaklar emele getirildi. Bu ýola goýlan işlerde halkymyzyň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm işleriň giň tapgyryny görmek bolýar.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi hakynda hoş habar gelip gowuşdy.

Aziýanyň merjen şäheri — paýtagtymyz Aşgabat medeni-dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň mekany. Bu gün ak mermer örtülen belent binalary bilen tanalýan Aşgabat gür baglyga beslenip, al-elwan gülleriniň hoşboý ysy bark urýan şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde dynç almak üçin medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgählerdir medeniýet merkezleri bar. Bu ýerde gurlan binalar daşky keşbi boýunça hersi aýratyn bir görnüşe, binagärlik usulyna degişli bolşy ýaly, olaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, saýaly baglar, gözüňe ýakymly görünýän güller bilen bezelýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän toplumlaýyn binalarda gurluşyk işleri depginli alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem täze gurulýan ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň, mekdepleriň, bilim edaralarynyň, döwrebap söwda merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şunda köpsanly binalarymyz halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň halkara ykrarnamasy bolup durýar.

Şeýle ajaýyp binalaryň gurulýan şäherinde paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyna hem hemişe üns berilýär. Şäherimiziň eteklerinde we onuň çäginde döredilýän giň ýaşyl zolaklar paýtagtymyzyň owadanlygyna owanlyk goşmak bilen çäklenmän, eýsem şäherimiziň howa şertleriniň hem gowulanmagyna giň mümkinçilikler açýar.

Aýratyn hem, paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjegi, gojaman Köpetdagyň ajaýyp baýyrlyklary tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu künjekde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän tokaý zolaklary kemala geldi. Şu günler Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna uludan taýýarlyk görýän ak şäherimiz Aşgabadyň owadan ter güllere jäheklenip oturan şaýollaryna, gür baglyga, yşyklandyryjylaryň owadan şuglasyna bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine gezelenç edeniňde, kalbyňda eziz Watanymyza, bitirilýän beýik işlere buýsanjyň, bagtyýar ýaşaýşa, ajaýyp durmuşa söýgiň artýar. Gijelerine paýtagtymyzyň köçeleridir seýilgähleri öwüşginliligi, ýagtylygy, gözelligi bilen köpleri haýran galdyrýar.

                                                                   Nowruz Golýaýew, TOHU-nyñ talyby.

 

 

Sms-habarnamasy: ýaşyl zolaklary basmazlyk ýatladylýar

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz