SIZDEN GELENLER

Ahalteke bedewleri – gözelligiň nusgasy

Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.

Döwlet derejesindäki uly tagallalaryň netijesinde, bu günki gün halkymyzyň däp-dessurlary, urp-adatlary, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary gaýtadan dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty hem rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we at çapmagyň milli oýunlaryny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Ahalteke bedewleriniň reňkiniň kemala gelmeginde hem türkmen tebigatynyň we oňa Gün şöhlesiniň düşmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki gamyşgulak bedewiň derisiniň astyndan geçýän gan damarlary beýleki tohum atlara görä has gür ýerleşýär. Bu bolsa deriniň iýmitlik maddalar bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, deriniň önümi bolan tüýde madda çalşygynyň has güýçli geçip, reňk emele getiriji pigment öýjükleriň işjeň döremegine ýardam berýär. Günüň nurly şöhlesi deride emele gelýän ýag damjalarynyň mukdaryny sazlamak bilen, bedewlere mahsus owadan ak, mele, dor, boz ýaly reňkleriň has öwüşginli bolmagyna getirýär. Şeýle-de bedewleriň reňkiniň emele gelmegine onuň iýýän iýmiti hem uly täsir edipdir. Geçmişde ata-babalarymyzyň beren guşgursak ak bugdaýy ahalteke bedewleriniň eýesine has ýakyn bolmagy bilen birlikde, olaryň syrdam bolmagyna sebäp bolupdyr.

Behişdi bedewlerimiziň beýleki häsiýetleridir daşky görnüş alamatlary halk seçgisiniň netijesidir. Ussat seýisler bolan ata-babalarymyz ahalteke atlarynyň boýunyň uzyn bolmagyny olara iýmiti ýörite gazylan çukurjyklarda bermek bilen, döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegini, gapyrgalarynyň çeýe we tekizligini taýçanaklaryň arkasyna belli bir agramdaky ýüki dürli görnüşde berkidip, çalt ylgamakda tälim bermek arkaly gazanypdyrlar.

Şeýlelikde, diňe bir çapuw aty däl-de, eýsem, merdana ýigitleriň söweşjeň ýoldaşy kemala getirilipdir. Ahalteke bedewi ýyndamlygy, çydamlylygy bilen duşmany aljyraňňylyga salan bolsa, eýesi ýaralanan ýagdaýynda taşlaman, ony söweş meýdanyndan alyp çykmagy başarypdyr.

Döwlet derejesinde atçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde döwrebap Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana gurulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk pudagy täze ösüşlere eýe boldy. Behişdi bedewler türkmen ojagynyň hem-de toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Şu gezekki dabaralar Balkan atçylyk sport toplumynda däp bolan at çapyşyklar bilen başlandy. Şeýle toplumlar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guruldy.

Bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy hem-de wepadarlygy bilen tapawutlanýar. Ahalteke bedewleri täze taryhy eýýamyň we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň nyşanydyr.

Mahri IŞANGULYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti