JEMGYÝET

Halypa çapyksuwaryň baýragy – “Toyota Land Cruiser Prado”

Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimde dowam edýär. Balkan welaýatynda ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Balkan atçylyk sport toplumynda guralan dabaralaryň çäklerinde ýetginjek, uly ýaşly we halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklary geçirildi.

Bu günki geçirilen baýramçylyk at çapyşyklaryna atşynaslar hem-de halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri gatnaşdy. Ýaryşyň maksatnamasyna görä, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk geçirildi. Birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar.

HALYPA ÇAPYKSUWARYŇ BAÝRAGY – KAŞAŇ ÝEŇIL AWTOULAGY

Baýramçylyk çapyşyklarynyň jemleýji 8-nji çapyşygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Olar bu ýaryşda haýsy aty çapyp, ýaryşa gatnaşmaklygy kesgitlemek üçin bije atyşdylar.

Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şeýlelikde, halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapyşykda Ahal welaýatyndan Bäşek Sapargylyjow Gyzyl meýdan diýen bedew bilen birinji bolmagy başaryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy bolan kaşaň ýeňil awtoulagyň eýesi boldy.

ÝEŇIJI BOLAN ÇAPYKSUWARLARYŇ BAÝRAGY  – 50 MÜŇ MANAT

Şeýle hem beýleki 7 çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwarlara 50 müň manat hem-de gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Erik ten Hag – “Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri