BILIM

Gutardyş Synaglary :Türkmen Dili we Edebiýat

Biz öň Türkmenistanyň Umumybilim Berýän Orta Mekdepleriniň Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly gutardyş synplarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden geçiriljek synagyň soragnamalaryny Size ýetiripdik.Bu  gün  bolsa size türkmen dilinden we edebiýatdan düzme üçin hödürlenilýän temalary saýtymyza  ýerleşdirýäris.

Hormatly ýaşlar biz www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Bilim sahypasynda iň gysga wagtda beýleki dersleriň hem soragnamalaryny ýetireris.

2021 — 2022-nji okuw ýylynyň gutardyş synaglaryna taýýarlyk

TÜRKMENISTANYŇ UMUMYBILIM BERÝÄN ORTA MEKDEPLERINIŇ GUTARDYŞ SYNPLARYNDA TÜRKMEN DILINDEN WE EDEBIÝATDAN DÜZME ÜÇIN HÖDÜRLENILÝÄN TEMALAR

 

I Erkin temalar

  1. Eziz Watanymyz bagtyýarlygyň  mekany.
  2. Garaşsyz Watanym diller senasy.
  3. Halkyň Arkadagly zamanasy.
  4. Bilim-rowaçlygyň açary.
  5. Parla, ýaşyl Baýdagym!
  6. Ýagşy ene -ýagşy gyza   görelde.
  7. Ene dilim-döwlet dilim.
  8. Saglygym-baýlygym.
  9. Dünýä dolan bedew  atym,  wepaly  alabaý  iti.
  10. Sport we bedenterbiýe- sagdyn   durmuşyň   girewi.
  11. Halk gahrymanlaryny unutmaýar.
  12. Batly gadamlaryň rowaç  bolsun, Watanym!
  13. Maşgalam-baş galam.
  14. Türkmen halysy-milli guwanjym.
  15. Beýik Ýüpek ýoly-parahatçylygyň   ýoly.
  16. ХХI asyr- tehnologiýalaryň asyry.
  17. Ak mermerli  Aşgabat.
  18. Meniň milli  mirasa  garaýşym.
  19. Gözel ülkämiň  tebigaty.
  20. Kitap meniň dostum.
  21. Men Watanyň esgeri!
  22. Geljege barýan ýollaryň  binýady.
  23. Meniň halaýan kärim.
  24. Meniň söýgüli şahyrym.

II Türkmen  edebiýaty   boýunça temalar

  1. Şahyrana türkmen halk  döredijiliginde  watançylygyň   waspy.
  2. «Oguznamada» oguzlaryň  türkmenleriň   taryhy

geçmişiniň  çeper  beýany.

  1. Görogly- türkmen halkynyň milli  gahrymany.
  2. Ýusup Balasagunlynyň “Bilimnama”  eseri  we  onuň ähmiýeti.
  3. Garajaoglanyň şygryýetinde Watana, il -güne  bolan   päk   söýginiň  beýany.
  4. «Şasenem-Garyp» dessanynda Garybyň keşbi.
  5. «Nejep oglan» dessanynda türkmen milli aýdym-sazyna goýulýan  sarpa.
  6. Nurmuhammet Andalybyň  «Leýli-Mejnun»  dessanynda  gahrymanlaryň  çeper  keşbi.
  7. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy- Azat»  poemasynyň  çeper   mazmuny.
  8. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öwüt   nesihat.
  9. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary   Watany  söýmegiň  belent  nusgasy.
  10. Ýunus Emräniň döredijiliginde  ynsan  ömrüniň  beýany.
  11. Muhammet Baýram hanyň  döredijiliginde yşk  söýgi  temasy.
  12. Abdylla Şabendäniň goşgularynda  ahlak  meselesiniň  goýluşy.
  13. Şeýdaýynyň döredijiliginde türkmeniň  taryhy.
  14. Mahmyt Gaýybynyň  «Otuz  iki  tohum   kyssasy»  eseriniň  çeper  mazmuny.
  15. Gurbanaly Magrupy dessançy   şahyr.
  16. XIX asyr  türkmen  edebiýatynda  watançylyk  we  gahrymançylyk   temasy.
  17. Mämmetweli Keminäniň   durmuşy  goşgularynda  ynsan   keşbi.
  18. Seýitnazar Seýdiniň goşgularynda  watançylyk  we  harby   gahrymançylyk.
  19. Gurbandurdy Zelili watançy   şahyr.
  20. Mollanepes yşk   mülküniň   şasy.
  21. Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanynda   söýgi  we ahlak.
  22. Annagylyç Mätäji gözelligiň  waspçysy.
  23. Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama”  poemasynyň   taryhy esasy.
  24. Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginde  ahlak   meselesi.
  25. Aman Kekilowyň «Söýgi»  romanynda    Ogulnabadyň  çeper  keşbi.
  26. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly   ädim»   romanynda   Aýnanyň   keşbi.
  27. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal»   romanynda   Uzugyň    keşbi.
  28. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür   bagşy»   powestinde  dutaryň   gudratynyň suratlandyrylyşy.
  29. Ata Gowşudowyň «Perman»   romanynda   taryhy   hakykat.
  30. Beki Seýtäkowyň «Doganlar»   romanynda  gozgalýan   meseleler.
  31. Ata Atajanowyň «Teke  gyzy   Tatýana»   romanynda  Artykgülüň çeper keşbi.
  32. Gara Seýitliýew ussat  şahyr.
  33. Kerim Gurbannepesowyň «Gumdan   tapylan   ýürek»  poemasy.
  34. Hajy Ysmaýylowyň «Mugallymyň  gyzy»  powestinde  ylym-bilim meselesiniň  öňe  sürülmegi.
  35. Naryman Jumaýewiň  «Ýuwaş  gelin»  powestinde   millilik.
  36. Gurbannazar Ezizowyň   goşgularynda  gözel  tebigatymyzyň  çeper  waspy.
  37. Annaberdi Agabaýewiň döredijiliginde  uruş we  parahatçylyk  temasy.
  38. Çingiz Aýtmatowyň «Ilkinji mugallym»  powestinde   mugallyma  hormat.
  39. Wasiliý Ýanyň «Çingiz han» romanynda   türkmen  serkerdesi   Jelaleddiniň edermenligi.

III  Garaşsyzlyk   eýýamynyň   edebiýaty  boýunça  temalar

  1. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  «Älem   içre at gezer»  romanynyň  taryhy  dokumental   esasy.
  2. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  «Älem  içre  at gezer»  romanynda  watançy   mugallym  Berdimuhamet   Annaýewiň  çeper  keşbi.
  3. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda  ýetginjek   Mälikgulynyň  çeper  keşbi.
  4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň   «Döwlet guşy» romanynda   türkmeniň   döwletlilik  ýörelgeleri.
  5. Garaşsyzlyk eýýamynyň şygryýetinde  milli  äheňler.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy