Türkmenistan halkara arbitraž ulgamynda wajyp Konwensiýa goşuldy. “Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen Türkmenistan, 1958-nji ýylyň 10-nji iýunynda Nýu Ýork şäherinde kabul edilen Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşuldy. Emma Türkmenistan Konwensiýa goşulanda käbir şertler bilen şu Konwensiýa goşuldy. Kanuna laýyklykda,
- Türkmenistan diňe agza döwletiň çäginde kabul edilen arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegini we ýerine ýetirmegini üpjün eder,
- Türkmenistan Konwensiýany diňe milli kanunçylyga laýyklykda täjirçilik jedeller diýip hasaplanýan jedeller babatynda ulanar,
- Türkmenistan Konwensiýany diňe özi üçin güýje girenden soň çykarylan kazyýet kararlary babatynda ulanar.
Şu ýerde biz Size mundan 14 ýyl ozal Türkmen metbugagynda neşir edilen (9 Fewral 2008) Dr.Döwran Orazgylyjowyň “Iki Şert” makalasyny ýetirýäris. Bu makalada hem Türkmenistanyň “Iki Şert” bilen Konwensiýa goşulyp biljekdigi baradaky öz pikirimizi paýlaşýarys. Aşakdaky makalany ünsli okan okyjylarymyzyň biziň 14 ýyl mundan ozal paýlaşylan pikirlerimiziň täze kabul edilen Kanun bilen kybapdaşdygyna göz ýetirerler. Bellemeli zat, Nýu Ýork Konwensiýasy barada has giňişleýin maglumat almak isleýän okyjylarymyz, aşakda linki berlen beýleki makalamyzy okap bilerler.
IKI ŞERT
Halkara ülňülerine laýyk arbitraž ulgamyny döretmek, daşary ykdysady gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryndan ygtybarly peýdanlanmak üçin Nýu-Ýork Konwensiýasyny tassyklamagyň peýdalydygy bellidir. Ýöne Konwensiýa tarapdar bolmak isleýän ýurtlar käbir şertli bellikler bilen Konwensiýany tassyklanan ýagdaýynda milli bähbitler üçin has amatly bolsa gerek. Konwensiýanyň 1-3 maddasynda bellenişine görä, konwensiýa tarapdar bolmak isleýän ýurtlar 2 sany şert goýmak bilen konwensiýa tarapdar bolmak hukugyna eýedir. Şu wagta çenli Konwensiýa tarapdar bolan döwletleriň aglabasynyň bu hukukdan peýdalanýandygyny bellemek ýerliklidir. Bu şertler garşylykly bolmak şerti we tajirçilik şertidir.
Garşylykly bolmak şerti. Konwensiýanyň dine Konwensiýa tarapdar bolan ýurtlaryň çäklerinde alnan arbitraž çözgütleri barada ulanyljakdygy hakyndaky bellige garşylykly bolmak şerti diýilýär. Bu bellik bilen, ýagny “a” belligi bilen Konwensiýa tarapdar bolan döwletler şu wagta çenli 69 sanydyr. Konwensiýa BMG-niň agza döwletleriň aglabasynyň tarapdardygyny hasaba alsaň, häzir bu belligi goýmagyň iş tejribesindäki ähmiýeti azaldy. Ýöne garşylykly bolmak şertli bellik goýulmazdan, Konwensiýa tarapdar bolnan ýagdaýynda şol döwlet Konwensiýa tarapdar bolmadyk beýleki döwletlerde alnan arbitraž çözgütlerini hem Konwensiýa laýyklykda ýerine ýetirmäge borçlanýar. Emma şol döwletiň arbitraž çözgüdi bolsa, Konwensiýa tarapdar bolmadyk beýleki döwletlerde ýerine ýetirilmän bilner. Şondan ötri häzir Konwensiýa 142 döwletiň tarapdardygy nazara alyo, bu hukugyň ulanylmagynyň amatlydygy düşnüklidir.
Täjirçilik şerti. Konwensiýa gol çekilen ýagdaýynda döwletler konwensiýanyň diňe öz milli kanunlaryna görä, tajirçilik ulgamyna degişli kabul edilýän hukuk gatnaşygyndan dörän jedeller barada ulanjakdygyny bellik edip bilerler. Bu bellik bilen, ýagny “b” belligi bilen şu wagta çenli 45 döwlet Konwensiýa gol çekipdir. Käbir döwletleriň tarapdar bolmazdan öňki döwürde öz garşysyna kabul edilen arbitraž çözgütleriniň konwensiý tarapdar bolandan soňra bu Konwensiýa ýüzlenmek bilen ýerine ýetirilmeginiň öňüni almak islemegi ahmal. Munyň hem özboluşly sebäbi bardyr. Ýagny, konwensiýa tarapdar bolmazdan öňki döwürde alnan milliardlarça dollarlyk arbitraž çözgütleriniň konwensiýa tarapdar bolnandan soň, şol döwletiň garşysyna konwensiýa ýüzlenmek bilen ýerine ýetirilmegi käbir döwletler tarapyndan islenmezligi ahmal. Eýsem bu mümkinmidir? Şu soraga jogap tapmak derwaýysdyr. Sebäbi bu ýagdaý käbir döwletleriň Konwensiýa tarapdar bolmagynyň öňünde uly böwet bolup bilýär. BMG-niň Halkara Täjirçilik Hukugy baradaky komisiýasynyň geçen ýylyň tomsunda Wenada bolup geçen 40-njy sessiýasynda tassyklanan “Konwensiýalarynyň we Nusgalyk Kanunlaryň Statusy” atly namada bellenişine görä, Malta döwleti Konwensiýany tassyklan wagtynda “l” bellik bilen beýannama beripdir. Bu beýannama bilen Malta diňe Konwensiýany tassyklanandan soň baglaşylan arbitraž şertnamalary barada Konwensiýany ulanyljakdygyny belläpdir. Şeýlelikde, Maltanyň “l” belgili beýannamasyna görä, diňe 2000-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sinden soň baglaşylan arbitraž baradaky şertnamalardan dörän jedelleriň çözgüdi barada Maltanyň garşysyna Nýu-Ýork Konwensiýasyny ulanyp bolar. Görnüşi ýaly, konwensiýa tarapdar bolup, tarapdar bolmazdan öň alnan arbitraž çözgütlerinden döräp biljek amatsyzlyklary hem öňüni alyp boljak ekeni. Hatda, konwensiýanyň diňe şol döwlet babatda güýje girenden soň baglaşylan arbitraž şertnamalary barada ulanyp boljakdygy hem bellenip bilner.Bu barada aýratynlykda milli kanunçylykda käbir düzgünleşdirmeler edip bolar.
Ýene bir ýagdaý, bir döwletiň iki raýatynyň arasyndaky jedel daşary ýurtda arbitraž usuly bilen çözülen bolsa, bu çözgüt konwensiýa usuly bilen şol döwletiň çäklerinde ýerine ýetirilip bilnermi? Konwensiýanyň kabul edilen kadalaryna görä, talapçy we jogapçy ikisi hem Konwensiýa tarapdar döwletiň raýaty bolup, arbitraž çözgüdi Konwensiýa tarapdar başga bir döwletde alnan ýagdaýynda bu çözgüt talapçynyň we jogapçynyň ýurdunda ýerine ýetirilmäge degişlidir. Emma ABŞ Nýu-Ýork Konwensiýanyň güýje girmegi barada kabul edçen milli Kanunynda amerikan raýatlarynyň arasyndaky dörän jedellerden ötri daşary ýurtlarda alnan arbitraž çözgütleriň Nýu-Ýork Konwensiýasyny ulanmak bilen çäklerinde ýerine ýetirilip bilnermi? Konwensiýanyň kabul edilen kadalaryna görä, talapçy we jogapçy ikisi hem Konwensiýa tarapdar döwletiň raýaty bolup, arbitraž çözgüdi Konwensiýa tarapdar başga bir döwletde alnan ýagdaýynda bu çözgüt talapçynyň we jogapçynyň ýurdynda ýerine ýetirilmäge degişlidir. Emma ABŞ Nýu-Ýork Konwensiýanyň güje girmage barada kabul eden milli Kanunynda amerikan raýatlarynyň arasyndaky dörän jedellerden ötri daşary ýurtlarda alnan arbitraž çözgütleriň Nýu-Ýork Konwensiýasyny ulanmak bilen Amerikada ýerine ýetirip bolmajakdygyny belläpdir.
Görnüşi ýaly, Daşary ýurt Arbitraž Çözgütleriniň Ykrar edilmegi we Ýerinen Ýetirilmegi baradaky 1958 seneli Nýu-Ýork konwensiýasyny bu şertli bellikler we beýannamalar bilen tassyklan döwletler hem milli bähbitlerini goraýar hem-de mundan öň öz garşysyna alnan çözgütler bäarada Nýu-Ýork Konwensiýasyny ulanmakdan ýüz öwrüp bilýär. Sözümiň ahyrynda şu ýazgyny halkara hususyýetçilik hukugy boýunça hünärmen Merdan Gurbandurdyýew bilen bilelikde taýýarlandygymyzy belläp geçesim gelýär.
Türkmenistan möhüm Konwensiýa goşulýar: Halkara arbitraž