Taryhy maglumatlara görä, ilkinji sitrus miweleri takmynan 8 million ýyl mundan ozal ösdürilip başlanypdyr. Olaryň iň esasylarynyň biri bolsa limondyr. Onuň watany, gelip çykyşy barada takyk maglumatlar ýok hem bolsa alymlaryň köpüsi limonyň 2 500 ýyldan gowrak wagt bäri ösdürilip ýetişdirilýän ýeri bolan Hindistanyň demirgazyk-günbatary bolup biljekdigi barada garaýyşy öňe sürýärler. Arap söwdagärleri ony ilki Orta Gündogara we Afrika ýurtlaryna, ondan soň Müsüre we Mesopatamiýanyň günorta böleklerine ýaýradypdyrlar.
Arheologlar limonyň biziň eramyzyň ikinji asyrynda Ýewropada, Italiýanyň günortasyna ýaýrandygyny çaklaýarlar. Şol döwürlerde Eýran-da bolsa limon giňden ösdürilip ýetişdirilmändigi sebäpli, gaty seýrek we gymmatly haryt hasaplanypdyr.
Takmynan 700-nji ýylda limon agaçlary Parslara ýaýrap, ol ýerden Müsüre we Yraga ýetýär. Sitrus miwesi barada ilkinji ýazgylar X asyrda peýda bolup başlaýar.
Ilki-ilkiler limon iýmit serişdesi hökmünde ösdürilip ýetişdirilmän, takmynan ol X asyra çenli bezeg ösümligi görnüşinde ösdürilip ýetişdirilipdir. Araplar XI asyrda limony Ispaniýa alyp gidipdirler we 1150-nji ýyla çenli limon Ortaýer deňziniň töwereklerindäki ýurtlara giňden ýaýrapdyr. Ýewropalylar bolsa limony XV asyrda aşpezlik işlerinde giňden peýdalanypdyrlar.
Limonyň ýer ýüzüne ýaýramagynda meşhur syýahatçy Hristofor Kolumbyň hem orny bardyr. Limon Kaliforniýada 1751-nji ýyla çenli ösdürilip ýetişdirilip, 1800-nji ýyllarda ABŞ-yň Florida ştatynda nahar bişirmekde we tagam taýýarlamakda giňden ulanylyp başlanypdyr. XIX asyryň başlarynda Kaliforniýada we Florida-da limon satuw üçin ösdürilip ýetişdirilipdir. Bir asyr wagt geçenden soň 1894-1895-nji ýyllarda gyşyň sowuk gelmegi bilen Florida ştatynda limony söwda maksatlary üçin ösdürilip ýetişdirmek bes edilipdir. 1953-nji ýyllarda doňdurylan limon konsentraty (doňdurylan mämişi konsentraty bilen birlikde) we tebigy sowuk basyşly limon ýagy zerurlygy sebäpli, onuň önümçiligi gaýtadan ýola goýulypdyr. Şondan soňra bolsa, ol dünýä ýüzüne giňden ýaýrapdyr.
Limonyň häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilýän Lissabon we Meýer görnüşleri has meşhurdyr. Onuň Meýer görnüşini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly gerime eýedir. Limonyň Lissabon görnüşi has tikenli bolup, ol esasan, gyş aýlarynda ýetişýär. Daragtyň boýy bolsa, üç-dört metr töweregi bolýar.
Limonyň Meýer görnüşiniň tagamy ýumşak we az kislotaly bolýar. Onuň hem hasyly edil Lissabonyňky ýaly gyş aýlarynda alynýar. Ýöne ondan tapawutlylykda ol tutuş ýylyň dowamynda üznüksiz önüm berýär. Limonyň Meýer görnüşiniň boýy 3 metre çenli bolup, ony ýörite niýetlenen küýzelerde ösdürip ýetişdirmeklik hem özüniň ýokary netijesini berýär.
Bekgylyç Agaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy,
Rahat Myradow,
uniwersitetiň talyby.