SIZDEN GELENLER

Gyzyl kelemiň peýdasy

Gyzyl kelem witaminlere we minerallara baýdyr. Diňe ulular üçin däl, çagalar, garrylar we garaşýan eneler üçin hem ulanmak maslahat berilýär. Önümde peýdaly maddalaryň bolmagy bilen düşündirilýär: retinol, C witamini, tokoferol,witamin K we H, B witaminleri,witamin PP, demir, magniý, selen, sink, ýod, kalsiý, kaliý, marganes, fosfordyr. Witaminlerden başga-da, gyzyl kelemde uglewodlar, aminokislotalar, ösümlik beloklary, fitonidler we antosýaninler bar. Bu önüm süýüme baý bolany üçin iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdalydyr.

Gyzyl kelemiň saglyga peýdasy gaty uludyr. Gök önümiň mikroblara täsirleri bar. Güýçli antioksidantdyr, şonuň üçin immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin amatlydyr. Önümiň ulanylmagy basyşyň kadalaşmagyna, gan damarlarynyň diwarlarynyň berkidilmegine getirýär. Zyýanly holesteriniň we gan şekeriniň derejesini netijeli peseldýär, şonuň üçin süýji keseli üçin gyzyl kelem iýmek maslahat berilýär. Gyzyl kelemiň peýdalary, dürli düwnük keseliniň öňüni almakdyr. Göz görüjiligini ýiteldýär. Beýniniň netijeliligi ýokarlanýar. Bu gök önümi wagtal-wagtal iýmitiňize goşsaňyz, bedeni depressiýadan gorap bilersiňiz.

Amandurdyýew Muhammetaly

TOHU-nyň talyby

“US Open”: 16 ýyldan soňra rus türgeniň üstünligi

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji