SPORT

Messi XXI asyryň iň gowy futbolçysy boldy

Beýik Britaniýanyň “FourFourTwo” žurnaly XXI asyryň iň gowy 100 futbolçysynyň sanawyny düzdi. Onda “Pari San-Žermen” hüjümçisi Lionel Messi birinji ýeri eýeledi.

Sanawda ikinji orny “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo eýeledi. Üçünji orunda bolsa, “Barselona” toparynyň ozalky ýarym goragçysy Andres Inýesta barýar.

Şeýle hem ilkinji onlukda Hawi, Ronaldinýo, Zinedin Zidna, Týerri Anri, Manuel Noýer, Kaka we Luis Suares ýaly ökde futbolçylar bar.

Mälim bolşy ýaly, Messi 2021-nji ýylyň awgustynda “Barselona” toparyndan “PSŽ” toparyna geçipdi. Noýabr aýynda ol 7-nji gezek Fransiýanyň “France Football” neşiri tarapyndan berilýän “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp bolupdy.

 

Üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Messi finalda: dünýä çempionatyndaky rekordlary

Messili Argentina dünýä çempionatynda finala çykdy

Ispaniýa dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy

Dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolar

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar