DÜNÝÄ

Üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň, daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy bar.

Onlaýn tertipde dürli derejedäki duşuşyklaryň 279-sy geçirildi. Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda resminamalaryň 19-syna gol çekildi.

DIM-niň ulgamy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli dowam etdi. Ýylyň başyndan bäri bu ugur boýunça birnäçe duşuşyklar hem-de geňeşmeler geçirildi.

 

 

Wise-premýerleriň 2-sine käýinç yglan edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi