BILIM

“Açyk gapylar”: Döwlet energetika instituty

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, şeýle hem esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary şu ýylyň 23-nji aprelinde we 14-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu günler ýaşlar ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, dynç almak sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, şeýle hem institutda taýýarlanýan hünärler we taýýarlyk ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrylar.

Olar institut baradaky maglumatlar bilen www.tdei.edu.tm web saýty arkaly-da tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň 62-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800522-5-75-10, 800522-5-75-17.

 

 

Amerikanyň Birleşen Ştatlary : Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti