SIZDEN GELENLER

Welosiped daşky gurşawa hormat goýmagyň we saglygy goramagyň ygtybarly guralydyr

Welosiped – häzirki wagtda adamlarda bu ulagy edinmeklige isleg barha artýar. Ony diňe gatnaw üçin däl, eýsem, sport we gezelenç etmek maksady bilen hem edinýärler. Eýsem-de welisopediň taryhy haýsy döwürden başlanypdyr…? Adam saglygyna we onuň durmuşyna nähili artykmaçlyklar bagyşlaýar? Makalamyzy şu sowallaryň jogabyna bagyşladyk. Şeýle-de ýurdumyzda welosiped sportyň sazlaşykly ösüşiniň öwüşginleri barada söhbet ederis.

Ilkinji welosipedi kim oýlap tapdy?

Bu soraga takyk jogap entek tapylmady. Hakykat, häzirki zaman manysynda welosipediň ilkinji gurluş elementlerine esaslanýan oýlap tapyşlar irki döwürlerden başlanypdyr. Rowaýata görä welosiped ilkinji gezek beýik oýlap tapyjy Leonardo da Winçi tarapyndan sudury çekilipdir. Adamlar köp asyr mundan ozal öz myşsa güýjüni, mysal üçin aýaklaryny ulanyp dolandyryp boljak şeýle ulag görnüşi hakda pikirlenip başladylar. Welosipediň, ilkinji nusgasynyň oýlap tapylmagy XIX asyryň başynda başlandy. 1817-nji ýylda ilkinji deňagramly welosipedi nemes professory Baron Karl fon Drez oýlap tapdy we patent bilen “işleýän maşyn” diýip atlandyrdy. Dreziň bu işi daşyndan häzirki zaman welosipedlerine meňzeýärdi we onuň 22 kg agramy bolup, agaç çarçuwasy bardy. Şeýle-de bolsa, gurluşy boýunça häzirki zaman adama tanyş bolan welosiped diňe 1862-nji ýylda Pari Lalman tarapyndan ýasaldy.

Welosipedleriň oýlanyp tapylmagy we ösmegi jemgyýetiň umumy tehniki ösüşine nähili täsir etdi?

Dünýäde her gün müňlerçe adam diňe bir pyýada ýöremek üçin däl, eýsem resmi borçlaryny ýerine ýetirmek üçin welosiped ulanýar. Angliýa we Wengriýa ýaly Ýewropanyň köp ýurtlary poçta ibermek üçin, Londonda, Tallinde we beýleki köp sanly gür ilatly şäherlerde lukmanlara şäher dyknyşyklary sebäpli hassalara tiz baryp ýetmäge mümkinçilik berýänligi üçin tiz kömek ulaglary höküminde ulanýarlar. XX asyryň başynda döredilen köp sanly awtoulag firmasy (Rover, Skoda, Morris Motor Company, Opel) welosiped kompaniýalary hökmünde işe başlady. Hatda awtoulag pudagy hem welosiped ulanýar. Germaniýanyň Sindelfingen şäherindäki “Mersedes-Benz” zawodynda işçiler zawodyň töwereginde welosiped sürýärler. Her bölümiň öz reňkli welosipedleri bar. Hytaýda “Uçýan kepderi” “welosiped” sözüniň sinonimi bolup durýar. Çünki soňky onýyllyklarda önümçiliginiň esasy ugry welosiped öndürijiligine öwrülip welosipedleriň takmynan 95% -i bu ýurtda öndürilýär. Welosipede bolan islegiň barha artmagy onuň bazarynda has kämil görnüşlerini öndürijileriň agzalary artyp häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendiriji ýerleşdirilen welosipedleriň önümçiligi hem ýola goýuldy.

“Uçýan kepderleriň” melhemi.

Tigir sürmek pyýada ýöremekden sagatda has köp kaloriýa sarp edýändigi sebäpli gowy maşklaryň biri hasaplanýar. Çünki tigir sürmek, bir kilometre energiýa sarp etmek nukdaýnazaryndan ýöremekden has täsirlidir. Mysallara ýüzlensek 30 km / sagatda welosiped sürmek 15 kkal / km (bir kilometre kilokaloriýa) ýa-da 450 kkal / sag (sagatda kilokaloriýa) ýakýar. Günüň dowamynda has ýönekeý usullar arkaly has işjeň durmuş ýörelgesini alyp barmak bilen, adamlar maslahat berilýän işjeňlik derejesine aňsatlyk bilen ýetip bilerler. Häzirki wagtda dünýäde welosiped sürmek ýürek keseliniň, insultyň, düwnük keseliniň, süýji keseliniň we hatda ölüm howpuny azaltmaga kömek edip biljek durnukly ulag görnüşine öwrülýär. Mundan başga-da, durnukly ulag diňe bir saglyk üçin peýdaly bolman, tigir bilen welosipedçiniň arasyndaky işjeňlik döredijiligi we jemgyýetçilik gatnaşygyny ösdürýär we welosipedçiniň töweregindäki dünýäni gönüden-göni başdan geçirmegine mümkinçilik berýär. Şeýle-de daşky gurşawy goramaga, arassa howa gurşawyny saklamaga täsir edýär. Ýeri gelende bellesek nädogry welosiped sürmegiň (mysal üçin, ýokary belentlige çykmak) dyzlaryň gipotermiýasy, suwsuzlyk we ş.m. dyz ýa-da topuk bogunlaryna zeper ýetirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni

Türkmenistanyň döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda ýörite Rezolýusiýa esasynda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan etdi. Halkara guramasy tarapyndan esaslandyrylan bu sene, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Rezolýusiýa esasynda agza döwletleri ösüşiň strategiýalarynda welosiped sürmäge aýratyn ähmiýet bermäge we welosiped sürmegiň halkara, sebitleýin, milli we milletara ösüş syýasatlaryna we maksatnamalaryna gönükdirilmegine çagyrýar.

Ýurdumyzda welosiped sportyň sazlaşykly ösüşiniň öwüşginleri.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak, şeýle hem ony durmuşa ornaşdyrmakda beýik işleri amala aşyrýar. Bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistany sportuň dabaralanýan we barha rowaçlanýan Watany hökmünde ykrar etmegi we merjen şäherimiz Aşgabadyň ähli amatlyklar bilen üpjün edilen desgalarynda halkara ýaryşlary hem-de dünýä çempionatlaryny geçirmäge islegleriň artmagy ýokarda aýdanlarymyza şübhesiz subutnamadyr.

2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw saglyk sapagy geçirildi. Welosiped sürmek, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan bu okuw sapagy iň köp sanly adamlaryň gatnaşanlygy bilen dünýä rekordyna eýe boldy

2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilmegi bilen onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ynha ýaňy ýakynda bolsa ýene-de bir buýsandyryjy wakanyň şaýady bolduk. Türkmenistanyň işjeň tagallalary bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul etdi. Bu şatlykly hoş habar dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň başlangyçlaryny golaýanlygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň we ekologiýa diplomatiýasynyň diňe bir biziň halkymyzyň bähbidine däl eýsemde tutuş dünýä halklarynyň, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilendiginiň beýanydyr.

 

Gülşat  Mätiýewa, Baýnazar Goşaýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary.

 

 

SanlylaÅŸdyrmak – dünýä ösüşiniň möhüm ugry

Ýene-de okaň

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy