SPORT

Bruno Fernandes 2026-njy ýyla çenli galar

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly ýarym goragçysy Bruno Fernandes täze şertnama gol çekişdi.

Täze şertnama 2026-njy ýyla çenli hereket eder. Bu şertnamada ýene-de bir möwsüm uzaltmak babatda madda hem goşulandyr.

Şu täze şertnama gol çekenden soňra Bruno Fernandes toparyň iň köp hak tölenýän 3 futbolçysynyň biri boldy. Ol bir ýylda 14-15 million ýewro gazanar.

Portugaliýaly 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri bu toparda çykyş edýär. Şol döwürde 117 duşuşykda oýnap, 49 gol geçirdi.

 

02-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Related posts

Dünýä futbolyň şasy bilen hoşlaşýar

Blatter Ýewropanyñ simwoliki ýygyndysyny hödürledi

Ispaniýanyň Supekubogynyň finaly: 2026-njy ýylyň ilkinji “El-Klasikosy”