SIZDEN GELENLER

Welosiped – ekologiýa taýdan arassa ulag

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul etdi. Dünýä döwletleriniň 62-si Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen bu Kararnamanyň döredijileri boldular.

Welosiped sporty saglygyňy berkitmekde we bedeni taplamakda örän peýdalydyr. Welosiped diňe bir sport ulagy bolman, eýsem jemgyýetçilik ulag serişdesi hökmünde-de giňden ulanylýar. Onuň işjeň ulanylmagy ilatly ýerlerde howanyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna uly täsir edýär.

Welosiped sportunyň taryhyna we şu gününe nazar aýlanymyzda, dünýäde welosiped söýüjileriň köp sanly jemgyýetleriniň hem-de bu sportuň merkezleriniň ençemesiniň döredilendigine şaýat bolýarys. Şeýle jemgyýetleriň biri 1894-nji ýylyň 5-nji aprelinde Aşgabatda döredilipdir. Ony ilkibaşda diňe dördüsinde welosipedi bolan ýedi sany guramaçy esaslandyrypdyr. Bir ýylyň dowamynda jemgyýete 370 agza goşulypdyr, ýaryş ýodasy gurlupdyr.

Jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylyň 25-nji iýunynda ýekşenbe güni geçirilipdir. Häzirki wagtda welosiped sportunyň onlarça görnüşiniň bardygy, şolaryňam 14-siniň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigi bu görnüşiň diýseň ýörgünlidigine şaýatlyk edýär.

2018-nji ýylda Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edildi.

2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirildi. Olaryň ikisi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda şäher ulag ulgamynyň durnuklylygynyň we ekologik aýratynlyklarynyň üpjün edilmeginde welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmäge taýýardygyny beýan edilýär.

Aýsoltan Aşyrowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Bananyň gabygyny aýyrýan robot

 

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…