SIZDEN GELENLER

Magtymguly – milli edep-terbiýe mekdebi

Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi asyrlaryň dowamynda türkmen halkyny, milli edebiýatymyzy şöhratlandyryp gelýär. Beýik şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň şöhratly taryhyndaky, medeni-edebi durmuşyndaky orny uludyr.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginden her bir meseläniň çözgüdini tapmak bolýar. Magtymguly türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyrdyr. Onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da, Zeliliniň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyň görünýär.

Gündogaryň nusgawy edebiýatyny köp okamagy, köp ýurtlara syýahat etmegi Magtymgulynyň gözýetimini has giňeldýär, düşünjesini baýlaşdyrýar. Bu bolsa şahyryň ýiti zehininden we ylym öwrenmäge bolan çäksiz yhlasyndan habar berýär. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat – onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan çuňňur paýhasydyr.

Akyldar şahyryň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy özüniň beýanyny tapypdyr. Şahyr wagtyňy gaýgy, hasrat bilen geçirmän, hoş geçirmelidigini, ömrüňi peýdaly işe bagyşlamalydygyny ündeýär. Şahyryň öz döwründe halka ýaýan pelsepewi garaýyşlary, eden wesýetleri türkmen halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny arzuwlan beýik şahyr halkyna ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrdy.

Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun aldy. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köptaraply, temalara baý. Onuň döredijiligi hakykat çeşmesi bolup, her bir türkmeniň kalbyna ornandyr. Akyldaryň şygyrlary kämil jemgyýet döretmäge, ynsanperwerligi öňe sürmäge gönükdirilendir. Magtymgulynyň edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ondaky many-mazmun baýlygy ylmy esasda seljermäge, şygyrlaryndaky öwüt-ündewleri bolsa ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek babatda uly işler alnyp barylýr. Ýaşlaryň terbiýesinde beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Bagdagül Udaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

Almanyň peýdasy

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…