DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça 29-30-njy martda bu ýurtda resmi saparda bolar.

Türkiýäniň döwlet Baştutanynyň bu saparyň çäklerinde özbek-türk ýokary derejedäki strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji mejlisi geçiriler.

Gepleşikleriň barşynda Türkiýäniň we Özbegistanyň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Esasy üns söwda, maýa goýumlary, innowasiýa, senagat, logistika, syýahatçylyk we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryna goldaw bermek, şeýle hem medeni we ynsnaperwer alyş-çalyş maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek bolar.

Halkara we sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar bolar.

Gepleşikleriň netijesinde bilelikdäki beýanata we birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

 

«Açyk gapylar»: Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi