Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.
Milli Liderimiz bu ýerdäki iş otagyna bardy. Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar, ýazyň ilkinji gününiň hoştap howasy, nurana taýçanagyň hem-de alabaýjygyň özboluşly hereketleri her bir ynsanyň ruhuny göterip, ylhamyny joşdurýar. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşyp, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, bahar paslynyň ilkinji gününde özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişdi.
Döwlet Baştutanymyz öz döredijiliginde Diýarymyzyň taryhyna, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi milli Liderimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlary bir ýere jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi ýurduň ykbalyna dahylly ýörelgeleriň dowam edýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, her bir adamyň toplan durmuş tejribesi nesiller üçin bahasyz baýlyk bolup durýar. Munuň özi halypa-şägirtlik ýolunyň, peder-perzent mekdebiniň özboluşly sapagydyr. Bu bolsa ýaşlar üçin örän gymmatly durmuş gollanmasy hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň abraýly habarlar agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşanda, kitap ýazmagy esasy işiniň, döwlete we halka gulluk etmegiň möhüm bölegi hasaplaýandygyny belledi. Uly zähmetiň we kämil yhlasyň siňdirilmegi netijesinde binýat bolýan eserlerde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugry we bagtyýar nesiller üçin ýolgörkeziji çelgi bolup durýar.
Milli Liderimiziň kämil zehini bilen döreýän eserlerde şu gün we geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Olarda mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, ata-babalarymyzyň beýik işleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri, saz, söz, sungat, medeniýet, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, milli duýgy-düşünjeler, döwletlilik, syýasat, adalat, diplomatiýa, taryh hem miras, şu gün hem geljek hakynda söhbet edilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýazmaga girişen täze kitaby hem bu eserleriň üstüni ýetirmek bilen, ösüşiň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berer.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, adamzada söýgi öz halkyňa söýgüden başlanýar, dünýä söýgi öz göbek ganyň daman topragyňa, ata Watanyňa söýgüden başlanýar. Özüňi bilmän, dünýäni tanamak mümkin däldir.
Täze eser geçmişiň şu gün bilen, şu günüň geljek bilen baglanyşygyny özünde jemläp, nesillerde halkymyza we ýurdumyza buýsanjy artdyrar.
Diýarymyzyň ösüş ýoly, edermen halkymyzyň döredýän milli gymmatlyklary, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň soňky ýyllarda dünýä giňişliginde eýeleýän orny we döwleti dolandyrmagyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara, onuň häzirki zaman şertlerinde dowamata atarylýandygyna mähir we söýgi bilen garalýandygyny aýan edýän hakykatdyr.