JEMGYÝET

Täze doglan alabaýa “Eýýam” diýip at dakyldy

Hormatly Prezidentimiz  Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.

Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen nurana taýçanaga göwnejaý ideg edilýändigini, onuň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz “At — myrat” diýlişi ýaly, häzir pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap dowam edýändigini, behişdi bedewleriň göwnejaý idedilmegine, olaryň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, atşynaslara alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şol pursatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyş edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.

 

 Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri