BIZNES

Türkmenistanda ýazlyk ýeralma ekişine badalga berildi

15-nji fewralda sanly ulgam arkaly iş maslahatynda hormatly Prezidentimize şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmegiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berildi. Düýn Diýarymyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda ýeralmanyň ekişine girişildi.

Ahal welaýatynyň gök ekerançylarynyň 9 müň 200 gektar meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirip, şonça ýerden 128 müň 800 tonna hasyl almagy maksat edinýändiklerini bellemek gerek.

Balkan welaýatynda jemi 2 müň 900 gektara ýeralma ekilip, şondan 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonça meýdanyň 1 müň 600 gektaryna ýazlyk ýeralmany ekmek işi mart aýynyň başyna tamamlanar we ondan 22 müň 400 tonna hasyl almak maksat edinilýär.

Lebap welaýatynda gök bakja önümleri üçin bölünip berlen 11 müň 670 gektar ýeriň 2 müň 300 gektaryna ýeralma ekiler. Şonça ýeriň 1 müň 400 gektaryna ýazlyk, galan 900 gektaryna bolsa güýzlük ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmadan 19 müň 600, güýzlükden bolsa 12 müň 600 tonna hasyla garaşylýar.

Mary welaýatynda 9 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär.

 

17-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi