DÜNÝÄ

HZG-niň Zähmet kadalary departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy üçin şertleri döretmäge ygrarlydygy barada bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýalara we ylalaşyklara, şol sanda HZG-niň resminmalaryna goşulmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bu guramanyň düzgünleriniň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli maksatnamasynda HZG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy bellenildi.

Türkiýe talyp haklary: soňky günler….

 

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi