DÜNÝÄ

Žonglirlemegiň esasynda Rubigiň kubigini düzmek rekordy

Hytaýly Li Çžihao adaty bolmadyk rekordyň eýesi boldy. Ol žonglirlemegiň esasynda 3 sany Rubigiň kubigini düzmegi başardy. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek mümkinçiligine eýe boldy.

Muny başarmak aňsat däl görünýär. Ýöne şeýle üstünligi gazanan ýeke-täk Li Çžihao däl. Mundan ozal, kolumbiýaly Alwarado hem rekord goýupdy.

Ýöne bu gezek hytaýly kubikleri has çalt düzdi. Oňa üç kubigi düzmek üçin bary-ýogy 3 minut 29 sekunt ýeterli boldy.

Şeýle hem Rubigiň kubigini düzmek boýunça hytaýly Li Çžihao başga-da birnäçe rekordlar degişlidir. Ol suwuň astynda hem-de kellesiniň üstünde duran pursatlarynda kubigi çalt düzmek ukybyna eýe boldy.

Related posts

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy

Ata Watan Eserleri

Ankarada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli medeni çäre geçirildi

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar