DÜNÝÄ

Bank ulgamynda türkmen-özbek gatnaşyklary maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary B.Abubakirow bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda söwda we ykdysady ugurda türkmen-özbek özara gatnaşyklarynyň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky bankara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň banklarynyň arasynda meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Rekord! Italiýada 12 sagatdan köp dyngysyz ýagyş ýagdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Baýdeniň hormatyna burger