DÜNÝÄ

Si Szinpin: ŞHG döwletleriniň ykdysadyýeti 30 trillion dollara golaýlady

Hytaýyň Týanszin şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agza döwletleriniň Baştutanlar geňeşiniň mejlisi başlady. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyi Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezident Aleksandr Lukaşenko, Pakistanyň Premýr-ministri Şahbaz Şarif, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonw, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi gatnaşdy.

25-nji gezek geçirilen sammitde çykyş eden HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň ykdysadyýetine goýýan maýa goýumlary 44 milliard ABŞ dollaryndan geçendigini aýtdy.

– Şu günki güne çenli Hytaýyň ŞHG-a agza beýleki döwletlere goýýan maýa goýumlarynyň möçberi 84 milliard dollardan geçdi, şol bir wagtda bilelikdäki ikitaraplaýyn söwdanyň ýyllyk möçberi 500 milliard dollardan hem ýokary çykdy” – diýip, Si Szipin belledi.

“Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy häzirki wagtda dünýäniň iň iri sebitleýin guramasyna öwrüldi. Ol 26 agzany birleşdirýär, 50-den gowrak ugurda hyzmatdaşlyk edýär we onuň umumy ykdysady mümkinçilikleri 30 trillion dollara golaý” – diýip, Hytaýyň Baştutany aýtdy.

Hytaý lideriniň bellemegine görä, halkara giňişligindäki durnuksyz ýagdaýa garamazdan, ŞHG ýurtlary “şanhaý ruhuna” berk eýerip, öňe gitmelidigini belledi.

Şeýle hem sammitde gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Şol bir wagtda sammitiň çäklerinde 20-den gowrak resminama gol çekildi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasynda sanly ykdysadyýet, energiýanyň durnukly ösüşi, “ýaşyl” senagat, emeli intellekt, köp taraplaýyn söwda ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikdäki beýannamalar kabul edildi.

 

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy