BIZNES

Türkmenistan Russiýadan turba satyn alar

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur bolan turba önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur bolan dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Trubnaýa Metallurgiçeskaýa” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “GAZPROM Schweiz AG” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Milli Liderimiz bu Karary Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

 

Aýna Seýitkulyýewa: Sungat Maşgalasynyň Bilbili

 

Related posts

Türkmen-Alman İş Forumu özel sektöre yaradı

vepa

Türkmenistana täze ýolagçy gämisi getirildi

Ata Watan Eserleri

Kazem Ghaffarzadeh :Hyzmatdaşlyga giň ýol

vepa