DÜNÝÄ

Staýnmaýer täzeden Germaniýanyň Prezidenti boldy

Frank-Walter Ştaýnmaýer Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň prezidenti wezipesine ikinji 5 ýyllyk möhlete saýlandy. Ýurduň Federal geňeşinde onuň dalaşgärligine ses berildi.

Ýurduň Prezidentini saýlamak üçin ýygnanýan Federal geňeşiň düzüminde 1472 delegat bar. Şolaryň 1045-si Ştaýnmaýere ses berdi. Ilkibaşda Frank-Walter Ştaýnmaýeriň dalaşgärligini ýurduň iri syýasy partiýalary hem goldapdy.

Ştaýnmaýer bilen bir hatarda döwlet Baştutany wezipesi üçin “Germaniýa üçin alternatiw” pastiýasy tarapyndan hödürlenen Maks Otte, Çepçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen Gerhard Trabert we erki saýlawçylar tarapyndan hödürlenen Ştefani Gebauer dalaşgär görkezildi.

Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň ygtyýarlylyklary wekilçilikli ygtyýarlyk bilen kesgitlenendir. Ýurduň içerki we daşary syýasaty babatdaky işleri ýurduň Kansleriniň ýolbaşçylygyndaky hökümet alyp barýar.

Prezident ýurdy halkara arenada wekilçilik edýär,  Germaniýanyň adyndan beýleki ýurtlar bilen şertnamalar baglaşýar we günä geçmek hukugyna eýedir.

Şeýle hem ol ýurduň hökümetiniň düzülmegine gatnaşýar. Bundestaga (Germaniýanyň parlamenti) federal kansleriň dalaşgärligini hödürleýär. Kansleriň teklibi boýunça ministrleri wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

Belli syýasatçy Staýnmaýer ozal Germaniýanyň daşary işler ministri wezipesini amala aşyrdy. Ol ozalky Kansler Angela Merkeliň ýolbaşçylyk eden döwründe bu wezipäni ýerine ýetirdi.

Staýnmaýer 2017-nji ýylyň fewralynda Germaniýanyň prezidenti wezipesine saýlanypdy. 2017-nji ýylyň martynda wezipesine girişenden soňra partiýadaky agzalgyny togtadypdy. 2021-nji ýylyň maýynda ol ikinji möhlete ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bolmak baradaky kararyny mälim edipdi.

 

Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümine badalga berilýär

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk