MEDENIÝET

Tom Kruz “Mission Impossible” filmini tamamlamak isleýär

“Mission Impossible” (“Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk”) filmleri bilen uly meşhurlyk gazanan golliwudly aktýor Tom Kruz bu filmini tamamlamak isleýär. Bu film 7-nji we 8-nji bölümi çykandan soňra tamamlanar. Tom Kruz 1996-njy ýyldan bäri bu filmde surata düşüp gelýär.

Pandemiýa sebäpli “Mission Impossible” (“Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk”) filmleriniň 7-nji kinosy 7 gezek yza süýşürildi. Şonuň netijesinde, filmiň býujeti 290 million dollara çenli ýokarlandy. Bu hem ozalky 6-njy filmiň býujetden 100 million dollar köpdür. Surata düşürijiler çykdajylary azaltmak üçin filmiň soňky lentalaryny bilelikde surata düşürmegi meýilleşdirýär. Ýöne entegem filmiň tamamlaýjy lentalary surata düşürilmedi. Ony surata düşürmegi Günorta Afrika Respublikasynda başlamak göz öňünde tutulýar.

“Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk-7” filmi 2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda prokata çykar. Onuň ahyrkysy bolan  – “Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk-8” filmi bolsa 2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda çykar. Kruz filmiň 8-nji kinosyna 7-njiniň yz ýanyndan surata düşmegi meýilleşdirýär.

“Variety” neşiriniň habaryna görä, aktýor Itan Hantyň hekaýasyny tamamlajak bolýar. Munuň üçin ahyrky filmi üýtgeşik edip surata düşürmek meýilleşdirilýär.

 

Bill Geýts pandemiýa barada kitap ýazdy

 

Ýene-de okaň

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy