TEHNOLOGIÝA

Sukerberg 31 milliard dollar ýitirdi

Adyny “Facebook”-dan “Meta” diýip üýtgeden dünýäniň iň meşhur jemgyýetçilik tory platformasy, 18 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek işjeň ulanyjylaryň sanyny azaldandygyny mälim edeninden soň rekord derejede ýitgi çekdi.

Kompaniýanyň paýnamalary bir günde 26,4 göterim pese gaçdy, bazar bahasy bolsa 230 milliard dollar azaldy. Beýleki tarapdan, “Meta”-nyň baş direktory Mark Sukerberg bir günde 31 milliard dollar ýitirdi, bu Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Estoniýanyň ýyllyk jemi içerki önümine deňdir.

“Meta” kompaniýasy “Facebook” -yň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň dekabr aýynyň ahyryna çenli üç aýyň içinde 1,929 milliard azalandygyny habar berdi.

Dünýäniň iň uly sosial ulgamy bolan “Facebook”-yň işjeň ulanyjylarynyň sany öz taryhynda ilkinji gezek bir çärýekde azaldy. Şol bir wagtda onuň esasy bäsdeşleri “TikTok” we “YouTube” platformalarynyň işjeň ulanyjylaryň sany we girdejileri köpeldi.

 

Russiýa – Hytaý: täze tebigy gaz ylalaÅŸygy gazanyldy

Ýene-de okaň

«Bir penjire» ulgamy: 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Aşgabatda sowadyjyly täze awtobuslar ýolagçylara hyzmat eder