SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym Awstriýada hökmany bolýar

Awstriýanyň milli geňeşinde berlen sesleriň köplügi bilen ýurduň ähli ilatyny hökmany sanjym etmek hakyndaky kanun kabul edildi. Kanunyň hereket edýän döwri 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenlidir. Şeýlelikde, Awstriýa Ýewropa Bileleşiginde koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy hökmany dereje ýetiren ilkinji döwletdir.

Mart aýyndan başlap, sanjym bolmadyklara jerime salnar, jerimäniň iň az möçberi 600 ýewrodyr. Onuň iň köp möçberi 3600 ýewrodyr. Şeýle hem ýurduň hökümeti sanjym etmek boýunça baýrak çekilişiklerini geçirmegi meýilleşdirýär. Her bir onunjy gatnaşyja 500 ýewrolyk pul baýragyny alyp biler.

– Biz sebitleri diňe bir sanjym barada wagyz-nesihat işleri üçin däl, eýsem sanjym edilenleriň sany boýunça hem höweslendireris. Bu sebitler, şäherler üçin pul serişdeleriniň çeşmesi bolar, şol serişdeleri ösüş maksatnamalarynda ulanyp bilerler – diýip, Awstriýanyň kansleri Karl Nehammer belledi.

9 million ilatly Awstriýada raýatlaryň 72 göterimi sanjymyň 2 dozasyny kabul etdi. Entek sanjym almaýanlaryň sany 1,5 milliona golaýlaýar.

Ýewropa Bileleşiginde köpçülikleýin sanjymyň geriminiň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Fransiýada 24-nji ýanwarda jemgyýetçilik ýerlerinde hem-de ulaglarda sanjym şahadatnamasy boýunça kanun güýje girýär.  2-nji fewralda köçelerde agyz-burun örtügini dakynmak babatdaky hökmany talap ýatyrylar. Ýurtda girizilen çäklendirmeler sebäpli soňky bir aýda 1 milliondan gowrak fransuz raýaty sanjymyň birinji dozasyny aldylar.

 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna täze baş sekretar saýlandy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar