DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy aradan çykdy

Ispaniýada dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy Saturnino de la Fuente Garsiýa aradan çykdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, ol 112 ýyl we 314 gün diýlende aradan çykypdyr.

Saturnino 2021-nji ýylyň sentýabrynda iň uzak ýaşaýan erkek ýaşaýjy rekordyna eýe bolupdy. Şonda ol resmi taýdan hasaba alnypdy. Onuň hasaba alnan döwründäki ýaşy 112 ýyl we 211 gün diýlip bellenilipdi.

Ol 1909-njy ýylyň 11-nji fewralynda Ponte-Kastro şäherinde dünýä indi. Boýnuň uzynlygy 150 santimetr bolan Saturnino ýerli ilat tarapyndan “El Pepino” diýlip atlandyrylypdyr. Ol 1933-nji ýylda öýlendi we onuň 7 gyzy bar. Ol 14 agtygyň we 22 çowlugyň atasydyr. Onuň ädik işewürligi bolup, ol futbol janköýeridir.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň noýabrynda dünýäniň iň garry ýaşaýjysy bolan Fransiska Susano 124 ýaşynda aradan çykdy.

 

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Ýene-de okaň

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

III Merkezi Aziýaara parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Özbegistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy