DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi Russiýa tarapynyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynda 2 günlük resmi saparda bolar. Bu barada Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Berlen habara görä, Prezident Raisi Russiýa saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Prezident Raisi Moskwa amala aşyrjak saparynyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirer. Şeýle hem rus işewürleri hem-de Moskwada ýaşaýan eýranly raýatlar bilen duşuşar. Mundan başga-da, ol Russiýanyň Döwlet Dumasynyň plenar mejlisinde çykyş eder.

Eýranyň Prezidentiniň bu saparynda onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň hatarynda daşary işler, nebit we ykdysadyýet ministrleri bolar.

Prezident wezipesine girişenden soňra sebit hyzmatdaşlygyna has köp üns berýän Prezident Raisi sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Täjigistanda we Türkmenistanda saparda boldy.

 

“Microsoft” 68,7 milliard dollara kompaniýa satyn alýar

Related posts

Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi

Türkiýe prezident saýlawrlary: 4 dalaşgär gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady