DÜNÝÄ

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär

Ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary uly ösüşe eýe bolup 2025-nji ýylda ýurt baştutanlarynyň syýasy islegi bilen has-da pugtalandyözara ynam we dostluk ýörelgelerinde giňeldi. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär. Soňky döwürler ýokary derejeli özara saparlar, duşuşyklar we diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirip, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin berk binýady döretdi.

Bu sözleri AZERTAJ-a beren beýanatynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow aýtdy.

Ilçi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirip, Azerbaýjanyň BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyna uly hormat goýýandygyny we 1995-2025-nji ýyllarda kabul edilen kararlara awtordaş hökmünde goşulandygyny belledi.

Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agzasy hökmünde kabul etmekdäki ornuna ýokary baha berendigini belläp, 2025-nji ýylda Daşkentde bolan bu taryhy wakanyň hakykatda serhetleri giňeltjekdigini we sebitleýin hyzmatdaşlygy artdyrjakdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurulmagynyň şäher ýaşaýjylary tarapyndan “umumy gymmatlyklara aýratyn hormat goýmagyň nyşany” hökmünde kabul edilýändigini nygtap: “Geýdar Aliýew gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda Ähtnama gol çekilmegi biziň ýurtlarymyzyň arasynda ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze sahypa açdy” diýdi.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi