SIZDEN GELENLER

USB fleş diskleri barada…

USB fleş diskleri interfeýs bilen birleşdirilen enjamdyr. Özüniň daşky ölçeginiň kiçiligi, ujypsyz agramy we oňa ýüklenen maglumatlary aýyryp, täzeden ýükläp bolýanlygy üçin USB fleş diskleri örän amatlydyr. USB fleş disklerine mahsus bolan bu alamatlar beýleki birnäçe disketalardan tapawutlylykda olaryň artykmaç taraplarydyr. USB fleş diskleriniň hereket edýän böleginiň ýoklugy üçin olar seýrek döwülýärler we has köp maglumatlary saklap bilýärler. Olar dürli ölçegdäki maglumatlary saklamak üçin elýeterlidir. Häzirki wagtda has köp maglumatlary saklaýan USB fleş diskleri hem bardyr.

Maglumatlary saklamak üçin örän amatly bolan bu gurluşlarda USB birikdirijisi üçin gorag wezipesini ýerine ýetirýän we aýrylyp dakylýan gapagy bardyr. Bu fleş diskleriň aglaba köpüsi USB birikdirijisi arkaly kompýutere birikdirilýär. USB birikmesi fleş diskleri  üçin elektrik üpjünçiligi bolup durýar. Bu bolsa olaryň işlemegi üçin zerurdyr.

Ilkinji döredilen USB fleş diski 16 megabaýtlyk bolup, ol “Disgo” diýlip atlandyrylypdyr. Ony 1998-nji ýylda “M-System Flash Pioneers”-iň baş direktory oýlap tapypdyr.

Ýewropada ilkinji fleş diskler “Disgo” ady bilen satylypdyr we 8, 16, 32 we 64 Mb ululykda öndürilipdir. Bu ýerde fleş diskleriň söwdasy giň gerim alandan soň, Aziýanyň bazarlarynda olaryň dürli görnüşleri peýda bolupdyr.

Fleş diskleri oýlanyp tapylanyndan soň olaryň hili ýokarlandy we mukdary artdy. USB fleş diskleri ulanyjylaryň dürli isleglerini kanagatlandyryp biljek giň mümkinçilikleri bardyr. Häzirki zaman fleş disklerde USB 2.0 birikmesi bardyr.

Nurana Begmatowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

“Türkmendemirýollary” agentligi täze halkara şertnamalara goşular

Ýene-de okaň

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri