BIZNES

“Rönesans” kompaniýasy Türkmenistanda täze taslamany durmuşa geçirer

Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasy Türkmenistanda täze gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirer. Bu barada milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda,  Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we binalar toplumyny 2024-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanda köp sanly iri desgalaryň gurluşygyny amala aşyran türk kompaniýasy golaýda paýtagtymyz Aşgabatda kaşaň “Garagum” myhmanhanasyny gurup, ulanmaga tabşyrypdy.

25-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Oxfam”: Dünýäniň baýlarynyň baýlygy 33,9 trillion dollar artdy

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

Mary etrabynda ammiak we ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurlar

«Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda 1060 şertnama baglaşyldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler