SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (20-26-dekabr)

2021-nji ýylyň 20-26-njy dekabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepde hamallar üçin daşky dünýä bilen sazlaşygy garanmakda iň gowy wagtdyr. Şeýle-de edil öýüňizi bolşy ýaly, içki pikirleriňizi hem tertibe salmaga synanyşyň. Siziň işiňiziň bu prosese zyýan bermezligi has gowudyr. Çünki bu wagt özüňizi ruhy taýdan kämilleşdirmegiňiz zerur. Hepde haýran galdyryjy ýagdaýda çalt geçer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar üçin gaty gyzykly, täsirli we umuman üstünlikli hepde garaşýar. Sişenbe güni garyndaşlaryňyz ýa-da dostlaryňyz tarapyndan kiçijik lapykeçlikler bolup biler, emma bu siziň şähdaçyklygyňyza zyýan bermez. Iş ýerinde we maşgaladaky adamlar bilen has köp gürleşmäge synanyşyň. Ýeke däl bolsaňyz, köplenç arzuwyňyzdaky adam hakda pikir ediň, şonda siz hakykatdanam isleýän zadyňyza ýetersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin indiki hepde hem oňyn, hem ýakymsyz bolar. Has gowy pursatlaryň bardygyna we geljekdigine göz ýetirmek bolsa, siziň ygtyýaryňyzda. Çarşenbe güni köp wagtyňyzy işe sarp ediň – bu size üstünlik getirer. Meseleleriňizi ýakynlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen paýlaşmaly dälsiňiz, özüňiz ähli zady ýeňip geçmegi başararsyňyz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar üçin öňümizdäki hepdäniň birinji ýarymy garaňky we kynçylykly bolar, şonuň üçin sabyr ediň we güýjüňizi biderek sarp etmäň. Ýöne eýýäm çarşenbe gününden başlap ýagdaýlar, keýpiňiz gowulaşar, aragatnaşyk güýçlener we kynçylyklar öz-özünden ýok bolar. Ahyrsoňy, dynç günler diýseň energetiki ýagdaýda geçer. Siz iňbärkisi iň pessimistleriň-de göwnaçyk bolmagyna ýardam berersiňiz, olaryň keýpleriniň göterilmegine sebäp bolarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Geljek hepdäniň ortalarynda esetleriň kalbynyň çuňlugynda gizlenýän agressiwligi we gahary görkezmek islegi bolar. Mundan başga-da, garyndaşlaryňyz we ýakynlaryňyz siziň erbet keýpiňizden ejir çekip bilerler. Soňundan ökünmezlik üçin edýän zatlaryňyzy oýlanyşykly ediň. Ähli güýjüňizi duýgulara däl-de, ýygnanan meseleleri çözmäge gönükdiriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler üçin oňyn we hezil hepde başlaýar. Sizi gowy adamlar gurşap alar, olar bilen aragatnaşyk bolsa, esasanam penşenbe güni size lezzet we peýda getirer. Siz daş-töwerege ýagtylygy we ynamy ýaýradýarsyňyz, munuň netijesinde maşgaladaky ýa-da ýakynlaryňyz bilen gatnaşykda bolup biljek gapma-garşylykly ýagdaýlary aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz. Bu oňyn pursady sypdyrmaň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlaryň karýerasyndaky meseleler indiki hepde ygtybarly çözüler. Maliýe girdejileri ep-esli artmasa-da, töweregiňizdäki kynçylyklar kem-kemden aýrylar. Bu hepde çakdan-aşa gürlemezlik maslahat berilýär. Hatda dostlukly we tötänleýin söhbetdeşlikde hem kän gürlemezlige çalşyň. Şu ýagdaýda siz soňundan ökünmersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplaryň durmuşda amatly döwür dowam edýär. Maliýe meselesinde alada etmäň – hemme zat gowy bolar. Çarşenbe güni, adamlaryň haýyşyny ret etmejek boluň. Häzirki wagtda durmuşyňyza we maşgala gatnaşyklaryňyza täzeden baha bermek has möhümdir. Siz az zat bilen kanagatlanyp, ondan gaty begenip bilersiňiz. Hiç kime göripçilik etmejek boluň. Bu gaty bir kyn hem bolmaz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslara düşnüksiz bir hepde garaşýar. Işleriň başynda öýüňize has köp güýç we üns beriň, rahatlygy we baýramçylyk keýpini döretmäge çalşyň.  Hepdäniň ortalarynda daşky görnüşiňizi üýtgetmek bilen bagly eksperimentleri etmejek boluň. Soňundan ökünmek ähtimallygyňyz ýokarydyr. Emma bu zatlar üçin dynç günleri  has amatlydyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepde, jedilere uzak wagtlap ýeke bolmak gadagandyr! Çünki bu ýagdaýda manysyz pikirler kelläňizi doldurar we keýpiňizi bozar. Toparlaýyn iş araçäkli işlemekden has köp peýda getirer. Sişenbe güni adamlar bilen aragatnaşyk size oňyn täsir eder, ruhuňyzy göterer we durmuşyň tagamyny täzeden duýmaga kömek eder. Bu hepde täze romantiki tanyşlyklara garaşyň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Daluwlarda geljek hepde maliýe meseleleri ygtybarly çözüler. Iş ýerinde hemme zat gowy, ýöne kärdeşleriňize baha bermeli dälsiňiz. Gereksiz gepleşiklerden gaça durmak üçin beýlekiler bilen az gürleşmäge synanyşyň. Wadalaryňyzy ýerine ýetirmeseňiz ýa-da ýalan sözleseňiz, anna güni ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz ýaramazlaşar we dynç günleri isleýşiňiz ýaly bolmaz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepdäniň ortalarynda hutlar işde kynçylyk çekýär. Köp zat size bagly däl, ýöne bu döwürde abstrakt temalarda az gürleşip, resminamalara ünsli bolmak has gowudyr. Hepdäniň ahyrynda ýakynlaryňyz sizi begendirer we özüňizem ýakyn adamyňyzy romantik herekete ruhlandyryp bilersiňiz.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Türkmenistan «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogyna gatnaşdy

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama