SPORT

Türkmenistan dünýä çempionatynda ilkinji medalyny gazandy

Häzirki wagtda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty dowam edýär. Bu çempionatda Türkmenistan döwletimize wekilçilik edýän Yulduz Jumabaýewa ilkinji medaly gazandy.

49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Ýulduz Jumabaýewa ştangany silterläp götermekde 76 kg agramy göterip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Ildeşimiz Ýulduz bilen bäsleşen tailandly türgen Suroçana Kambao altyn medalyň eýesi boldy, kümüş medaly bolsa ýaponiýaly türgen Rira Suzuki gazandy.

2018-nji ýylda 45 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başaran Ýulduz Jumabaýewa şu ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlap, dogduk etrabynda ― Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda tälimçi bolup işe başlady. Ol karýerasyndaky esasy üstünliklerini Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşlarda gazandy. Has takygy, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp bolan Ýulduz şondan bir ýyl soňra ýene-de Aşgabatda dünýäniň çempiony boldy.

 

Türkmen agyr atletikaçylarynyň dünýä çempionatyndaky çykyşlary başlanýar

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi