JEMGYÝET

“Tebigaty goralyň” döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Amerikan merkezi we Amerikan burçlary 2021-nji ýylyň 19-27-nji noýabry aralygynda Tebigaty goralyň döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Sizi Täze ýyl/Roždestwo arçasyna dakylýan özboluşly bezegleri ýasap tabşyrmaga çagyrýarys. Ýeňijileriň işleri Amerikan merkezinde her ýylky geçirilýän Täze ýyl/Roždestwo arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasynda görkeziler.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak üçin:

•            bezegler gaýtadan işlenen materiallardan ýasalmaly.

•            bezegleriň ölçegi 15 santimetrden köp bolmaly däl.

•            bezegleriň tebigaty goramak mowzugy bilen baglanyşygy bar bolmaly.

Bezegleri tabşyrmagyň ahyrky möhleti:  2021-nji ýylyň 27-nji noýabry

Goşmaça maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris. Aşgabatdaky Amerikan merkezi şeýle hem Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlary.

Email: AmericanCenterAshgabat@state.gov
Website: https://tm.usembassy.gov/education-culture/american-center

 

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek üçin uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär