Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Içki instinkt duşmanlaryňyzy kesgitlemäge we olaryň hileleriniň öňüni almaga kömek eder. Günüň dowamynda maşgala we hünär meselelerini çözmäge synanyşyp, öý bilen işiň arasynda başagäý bolmaly bolarsyňyz. Artykmaçlyk siziň abadançylygyňyza ýaramaz täsir edip biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Adaty gün. Şeýle-de bolsa, köne meseleleriň garaşylmadyk çözgüdi, işjeňligiň artmagy ýa-da uly girdejiler bolup biler. Emma muňa gatybir bil baglamaň. Bu gün jaýyňyzyň gapylary myhmanlar üçin açyk bolmaly. Ýakynlaryňyza bu gün siziň kömegiňiz gerek bolar. Olara aýratyn üns beriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň birinji ýarymy täsirli adamlar bilen söhbetdeşlikde geçer. Olaryň netijeleri garaşylmadyk bolup biler. Günüň ikinji ýarymynda has jogapkärli şahsy we jemgyýetçilik çärelerini meýilleşdiriň, bu size rahatlyk we deňagramlylyk getirer. Fiziki işjeňlik bu gün peýdalydyr. Bu günki düýşleriňiziň ýakyn wagtda amala aşmagy gaty ähtimaldyr.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Geljekde kömek etjek täze işewür tanyşlar üçin gowy gün. Şübhesiz, edepliligiňize we dogruçyllygyňyza göz gyzdyryp, olary satyn aljak täsirli howandaryňyz bolar. Garyndaslaryňyzyň arasynda ýaşuly nesle üns beriň. Beýle etmek bilen siz özüňizi rahatlandyrarsyňyz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Häzirki wagtda wakalaryň aýlawy sizi bütinleý bulaşdyrar. Döredijilik meselelerini çözmek, jaýyňyzy gowulaşdyrmak bilen meşgul bolup bilersiňiz. Söwda we maliýe amallarynda üstünlik gazanmagyňyz mümkin. Bu gün sport we islendik bedenterbiýe işi üçin amatly.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Soňky hepdedäki eden tutanýerliligiňiz, işiň soňky netijelerine oňyn täsir eder we üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer. Maşgala problemalary ýene-de ýüze çykar we ep-esli çykdajylar talap ediler. Oňa ähmiýet bermeli däl. Bu gün ýakyn adamlaryňyzyň töwereginde ýa-da ýekelikde dynç almak has gowudyr.
Işewürligiňizdäki üstünlik, geçen iş hepdesiniň netijelerine bagly bolar. Partnýorlar we maşgala agzalary bilen durnukly we berk gatnaşyklar ähtimal. Söýgi meselesinde gabanjaňlykdan saklanmaly. Çünki söýgüliňiziň erbet göwnüne degip bilersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Işjeň gün. Ähli wakalar çalt we garaşylmadyk ýagdaýda öser. Garaşylmadyk çykdajylar sebäpli maliýe ýagdaýy ep-esli ýaramazlaşar. Bu gün orta nesliň wekilleri maşgalanyň ýaş we garry nesilleriniň ähli meselelerini öz üstlerine alarlar. Size ýamanlyk isleýänleriň we göripçilik edýänleriň hileleri ähtimal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Telekeçiler üçin amatly gün. Girdejili telekeçilik teklipleri hem bolup biler. Ýyldyzlar teklip edilýän ähli ýagdaýlary tutanýerlilik bilen kabul etmegiňizi we üstünlik gazanmak mümkinçiligini elden gidirmändigiňizi maslahat berýärler. Günüň ikinji ýarymynda köne dostuňyz bilen duşuşmagyňyz ähtimal.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu bu gün özüňize bolan ynamyň we duýgynyň artandygyna göz ýetirersiňiz. Şeýle-de bolsa, bu günüň, umuman, ýakymsyz reňklere boýaljakdygyna garamazdan, ýyldyzlaryň umumy amatly ýerini ulanyp, gowy tarapdan üýtgeşiklik girizip bilersiňiz.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Dartgynly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý siziň psihikanyňyza we dünýägaraýşyňyza täsir eder. Syýasy wakalara we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine bolan gyzyklanma artar. Arkaýyn bolmak we artykmaç hereket etmezlik maslahat berilýär, sebäbi nerw keselleri bolup biler.
Durmuşyň ähli ugurlarynda täze zatlaryň we başlangyçlaryň beýle aňsat däldigini ýadyňyzdan çykarmaň. Bolýan zatlara obýektiw baha bermek maslahat berilýär. Ýakyn wagtda meýilnamalaryňyzyň artykmaçlyklaryny duýmagyňyz mümkin. Agşamy maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen bilen geçirmek has täsirli bolar.
“Atavatan Türkmenistan†halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris